Arkadag şäherinde Täze ýylyň ilkinji çagasy dünýä indi
1-nji
ýanwarda Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş
merkezinden täze ýylyň ilkinji buşluk habary gelip gowuşdy. Bu ýerde
ýurdumyz boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ilkinji çaga
dünýä indi. Asylly däbe eýerip, oglanjyga onuň ata-enesi täze ýylyň
ruhuna, şygaryna laýyk Parahat diýip at goýdular. Parahatçylygyň,
abadançylygyň, rowaçlygyň, bagtyň nyşany bolan akja bäbek,
Atageldiýewleriň agzybir maşgalasy bilen birlikde, täze şäheriň
ilatynyň, ol ýerdäki ähli lukmanlaryň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, öz
ady bilen bile dünýä indi.
Uly ruhubelentlik, ajaýyp
arzuw-umytlar bilen gadam basylan 2025-nji ýylyň ilkinji minutlarynda
Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — öý hojalykçy Orazjahan hem-de
mekdep mugallymy Ýazmergen Atageldiýewleriň ikinji ogul perzende gözi
düşdi. Bu — döwletlilikden nyşan. «Döwletliden döwlet ýokar» diýlenine
eýerip, Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş
merkeziniň döwrebap binasynda agzybir maşgalanyň şatlygyna şärik bolan
watandaşlarymyz täze doglan çagany ýüze syldylar. Onuň ýaşynyň uzyn
bolmagy, il-güne gerekli gerçek goç ýigit bolup ýetişmegi baradaky
ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler edildi. Şeýle ajaýyp, guwandyryjy
pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň Atageldiýewleriň maşgalasyna iberen sowgatlary gowşuryldy,
gutlag sözleri, iň gowy arzuwlary aýdyldy. Bu ajaýyp waka bolsa bagtyýar
ene-atanyň ýürek buýsanjyny, şatlygyny has-da artdyrdy.
— Şular
ýaly şatlykly günlerde ähli dost-ýarlaryň, dogan-garyndaşlaryň,
ildeşleriň ýanyňdadygyny görmek, olaryň ýagşy arzuwlaryny eşitmek diýseň
ýakymly. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp
sowgatlar we mähirli sözler bilen maşgalamyzy gutlamagy bolsa bizi
has-da begendirdi. Täze ýylyň bütin halkymyz tarapyndan oňlanylan
şygaryndan ruhlanyp hem-de milli däp-dessurlarymyza eýerip, ýanýoldaşym
bilen bilelikde täze doglan oglumyza Parahat diýip at goýduk. Ol — biziň
ikinji perzendimiz. Birinji oglumyz Sahymergen jan doglanda hem güler
ýüzli lukmanlardyr şepagat uýalary ýokary derejede hyzmat edipdiler. Bu
gezek hem şeýle boldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda ähli
döwrebap şertleri döredip berýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy
ugrunda irginsiz aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman
Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç
bolsun! — diýip, oglanjygyň ejesi Orazjahan Atageldiýewa buýsanç bilen
aýdýar.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl hem ýurdumyzda ilkinji
çaga Arkadag şäherinde dünýä inipdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen binýat bolan
täze şäherde täze durmuşyň gülleýändiginiň ajaýyp alamatydyr.
Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda giň gerimli
işleriň ýola goýlandygyny, bu ugurda döwrebap saglyk merkezleriniň
gurlup ulanmaga berlendigini, olarda kämil enjamlaryň ornaşdyrylandygyny
aýratyn bellemek gerek. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, Arkadag şäherindäki
şeýle döwrebap merkezleriň birinde dünýä inen Parahatjyk sagdyn
doguldy. Onuň agramy 4100 gram, boýy bolsa 54 santimetr. Bäbejige we
onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli
gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär.
Orazjahan hem-de
Ýazmergen Atageldiýewler öz perzentlerini ata Watanymyza, il-günümize
wepaly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak
ilhalar ogullar edip terbiýeläp ýetişdirjekdiklerine ynandyrýarlar.