Mekdep okuwçylary üçin bäsleşik yglan edildi


Birleşen
Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi
geňeşi bilen bilelikde guramaklarynda 12-nji synp okuwçylaryň arasynda
“Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy
ýaşlar!” atly ders olimpiadasy yglan edildi.

Zehinli mekdep
okuwçylaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralýan bäsleşik
Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili dersleri
boýunça geçiriler.

Ýurdumyzyň ähli orta mekdepleriniň 12-nji synp
okuwçylary bu olimpiada gatnaşyp bilerler. Munuň üçin olar 20.03.2025
senä çenli degişli maglumatlaryny elektron salga: hgi.charetm@gmail.com
ugratmaly bolarlar. Okuwçylaryň hasaba alnandyklary şeýle-de bäsleşige
gatnaşmaly senesi we wagty baradaky maglumatlar olaryň elektron
salgylaryna 28-nji marta çenli ugradylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27