«Diplomatik protokol» okuw merkezini tamamlan şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda
ýöriteleşdirilen «Diplomatik protokol» okuw merkezini üstünlikli
tamamlan hünärmenlere şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Ýokary
okuw mekdebiň okuw merkezi diplomatiýa we halkara gatnaşyklary
ulgamynda ýöriteleşýän işgärleri dördünji gezek taýýarlady. Iki aýyň
dowamynda okuwyň diňleýjileri üçin okuwlar daşary ýurtlaryň we halkara
guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň milli
diplomatik gullugynyň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň
HGI-niň halypa-diplomatlarynyň köp ýyllyk tejribeleri nazarda tutulyp
taýýarlanylan ýörite maksatnamalaryň esasynda geçirildi. Türkmenistanyň
Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri merkeziň uçurymlaryny
taýýarlyk okuwlaryny üstünlikli tamamlamaklary bilen gutladylar.
Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň işgärler mümkinçiligini kämilleşdirmäge we
berkitmäge, halkara derejesinde ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp
wekilçilik etmäge ukyply ýokary derejeli diplomatlaryň hemmetaraplaýyn
taýýarlanylmagyna Türkmenistanda uly üns berilýär. Ýurdumyzyň abraýly
halkara guramalaryna gatnaşmagy yzygiderli we maksadalaýyk giňeýär.
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli 2024-nji ýylyň
18-nji fewralynda ýurduň DIM-niň HGI-sinde açylan ýöriteleşdirilen
«Diplomatik protokol» okuw merkeziniň işi bu wezipeleriň çözülmegine
ýardam etmäge gönükdirilendir. Bir ýyla golaý wagtda merkez ýurduň
diplomatik gullugy üçin dört tapgyrda hünärmenleri taýýarlady we
goýberdi.