Täze ýyl – täze geljekleriň açary
Biziň
Döwletliler köşgümizde çagalaryň ýüzlerçesi okap terbiýe alýarlar.
Mähriban mugallymlarymyz we terbiýeçilerimiz biziň iň ýakyn
maslahatçylarymyz. Täze ýylyň öň syrasynda biz bagtyýar çagalar üýşip
mugallymlarymyza we terbiýeçilerimize alkyş sözlerini aýtdyk. Şonda biz
aýdym aýtdyk, tans etdik, öz ýazan goşgularymyzy uly joşgun bilen
okadyk.
- Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza,
Gahryman Arkadagymyz biz ýaşlara kämil bilim almak üçin döwrebap
tehnologiýalar, ýagny interaktiw tagtalar sowgat hökmünde iberildi,
bulardan başga-da täze ýyl baýramçylygy mynasybetli birnäçe süýjilik
sowgatlary berildi. Biz muňa jogap edip okuwlarmyzda gowy okap Watana
wepaly ýaşlar bolup ýetişjekdigimizi ynadyrýarys.
- Geçen ýylyň
biziň durmuşymyzda hem köp üstünlikler boldy. Biziň zehinli
oglan-gyzlarymyz döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerine, sport
ýaryşlaryna gatnaşdylar. Olaryň bu uly çärelerde eýe bolan baýrakly
orunlaryna mynasyp bolmagynda köşgümiziň agzybir işgärleriniň yhlasy hem
zahmeti ýatyr. Ýurdumyzyň gözel ýerlerine edilen gezelençler,
syýahatlar biziň öz Watanymyza bolan söýgümizi has hem artdyrdy. Watan
hakda oýlanyp otyrkam şeýle goşgy setirleri ýadyňa düşýär:
- Gözlerimiziň garasy,
Eziz diýar, eziz diýar!
Asman-zemin arasy,
Eziz diýar, eziz diýar!
Şuglasy günden ýasalan,
Mähri gülden ýasalan,
Sährasy heýjana salan,
Eziz diýar, eziz diýar!
Hojakäýew Eziz
Birleşen ArapEmirlikleriniň Prezidenti Şeýh
Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky
Döwletliler köşgüniň 12 “A” synp okuwçysy