Hoş geldiň täze ýyl Eziz diýara
-
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bolan 2024-nji ýyl
tamamlanyp Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
permany bilen yglan edilen 2025-nji ýylymyzy “Halkara Parahatçylyk we
ynanyşmak” ýylyny bütin türkmen halkymyz bilen garşy aldyk. Geçen ýylda
Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhynda giň gerimli
özgertmeler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen
gurlan ýurdumyzyň taryhynda ilkinji “Akylly şäher -Arkadag şäheri”
dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.
- Garaşsyz
ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar
baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary bina edildi.
- Oba
hojalyk pudagynda-da düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Edermen
daýhanlarymyz bugdaýyň hem pagtanyň şeýle-de beýleki oba hojalyk
ekinleriniň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyny beýgeldýärler.
-
Ylym-bilim bagtyýar nesillerimiziň geljeginiň mizemez binýatlarynyň
biridir. Şoňa görä-de bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, beden taýdan sagdyn,
zehinli ýaş nesilleri ylym-bilim almaga, sport bilen meşgullanmaga,
ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly
işleri alyp barýarys.
- Ýagşy arzuw-niýetler, belent maksatlar
bilen garşy alan täze 2025-nji “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly
il-ýurt bähbitli, dost-doganlygyň, parahatçylygyň, rowaçlyklaryň ýyly
bolar diýip ynanýarys. Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Döwletliler köşgünde
terbiýelenýän çagalara täze ýyl sowgatlaryny iberdi, bu hem biziň
terbiýelenýän çagalarymyz barada uly alada edilýändigini görkezýär,
sebäbi ähli çagalaryň ýüzleri mähirden, ýylgyryşdan doly. Biz täze ýylda
eziz Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda
yhlas bilen zähmet çekeris. Şu pursatda men Siziň ähliňize täze
üstünlikleri arzuw edýärin. Maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, rysgal
bereket, döwletlilik ýar bolsun, bagtyýar günler dowamat dowam bolsun!
Türkmen halky mundan-da beýläk röwşen ertirlere ynamly alyp barýan,
özüniň beýik işleri, parasatly başlangyçlary, döwlet tutumlary bilen ata
Watanymyzyň şan şöhratyny dünýädoldurýan Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlaryňyz sag, ömürleriňiz uzak bolsun!
Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Kakageldi Hojowow
Birleşen ArapEmirlikleriniň Prezidenti
Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan
adyndaky Döwletliler köşgüniň direktory