Özbegistanyň Prezidenti türkmen kärdeşini Täze ýyl baýramy bilen gutlady
Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl baýramy mynasybetli
gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar
berildi.
Beýan edilişi ýaly, özbek Lideri gutlag hatynda türkmen kärdeşine ýüzlenmek bilen, şeýle belleýär:
"Sizi
hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny täze, 2025-nji ýylyň ýetip
gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlamaga we iň gowy arzuwlarymy beýan
etmäge şatdyryn.
Tamamlanyp barýan ýylda Özbegistan bilen
Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan köpugurly we
uzak möhletleýin gatnaşyklaryň okgunly ösdürilendigini we hil taýdan
täze derejä çykarylandygyny bellemek isleýärin.
Täze ýylda
bilelikdäki tagallalarymyz, ýokary derejedäki özara saparlarymyz
netijesinde, doganlyk halklarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmak, hormat
goýmak hem-de birek-biregi goldamak ruhunda ösdürilýän gatnaşyklaryň
has-da giňeldiljekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň
Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli
döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa
parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin".