Türkmenistanda 2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklandy
Türkmenistanda
ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji
ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we
festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň
düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
şu gün, 30-njy dekabrda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan"
habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly,
ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň
ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Resminama
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda amala
aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň
daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki zaman
tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni
alyşmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen
kabul edildi.