Žurnalyň täze sany çapdan çykdy


Ýakynda
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň
2024-nji ýyldaky 6-njy sany  çapdan çykdy. Žurnalda ýerleşdirilen
makalalar Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşy; Ylmy makalalar;
Mekdebe çenli terbiýe; Umumybilim berýän mekdep; Ýokary bilim atly
rubrikalarda berildi.

Makalalarda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni
durmuşynda, ylym-bilim, terbiýe ulgamlarynda alnyp barylýan işler,
ýetilen belent sepgitler, okuw, usulyýet ulgamyndaky täzelikler, şeýle
hem bu ugurlardan öňde durýan wezipeler beýan edilýär. Dürli dersler
boýunça çap edilen makalalar terbiýeçilere we mugallymlara işlerinde
ýakyn gollnanma bolup hyzmat eder.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesowyň  Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň “Hakyda göwheri”  atly kitabynyň çuňňur
many-mazmuny barada gürrüň berýän  “Milli ruhuň täze pelsepesi” atly
makalasy ýerleşdirildi. Bu makalada hormatly Prezidentimiziň “Hakyda
göwheri” kitabynda beýan edilýänpelsepeler barada nygtalyp geçilýär.
Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly: “Bu tüýs filosofik eserde geçmişe we
geljege, taryha we edebiýata, dile we aňyýete degişli pelsepe
täzelikleri we açyşlary bar”. Makalanyň soňundan “Hakyda göwheri”
kitabyndan bölek ýerleşdirildi.  

Bilşimiz ýaly, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ylym-bilim
ulgamynda halkara gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär, türkmen ýaşlarynyň
halkara derejesinde gazanýan üstünlikleriniň sany ýylsaýyn artýar.
Şurnalymyzyň şu sanynda ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna
bagyşlanan makalalaryň birnäçesi çap edilip, olarda türkmen ýaşlarynyň
gazanan üstünlikleri beýan edildi, olaryň ýürek sözleri berildi.

Şeýle
hem makalalaryň birnäçesinde sapaklary sanly serişdeleri ulanyp
guramagyň mysallary, dünýä tejribesinden Montessori usulynyň ýörelgeleri
ýaly halkara tejribeleri  barada giňişleýin durlup geçilýär. Žurnalyň
şu sanynda orta we ýokary bilim ulgamy üçin niýetlenilen makalalara hem
giň orun berilýär.

 “Bilim” ylmy-usuly žurnaly

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27