Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi Täze ýyl baýramy mynasybetli konsert guraýar
Lebap
welaýat ýörite sungat mekdebi mugallymlary we talyp ýaşlary mekdebiň
üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň mugallymy Rustam
Rustamowyň talyplarynyñ Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän synp
konsertine gatnaşmaga çagyrýar.
Guraýjy toparyň habar bermegine
görä, konsertde mekdebiň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary
bölüminiň 2-nji ýyl talyby Serdar Joraýewiň aýtmagynda we Lýudmila
Nikolaýewnanyň sazandarlyk etmeginde Iogan Bramsyň "Wenger tansy" ýerine
ýetiriler. Şol bölümiň 4-nji ýyl talyby Döwlet Kemalowyň aýtmagynda,
Aziza Gaýypowanyň sazandarlyk etmeginde M. Bafaýewiň "Poemasy" ýerine
ýetiriler. Şeýle-de sungat mekdebiniň agzalan bölüminiň 1-nji ýyl talyby
Adylbek Jumanazarow Lýudmila Nikolaýewnanyň sazandarlyk etmeginde
Baýram Hudaýnazarowyň "Gazel" eserini ýerine ýetirer.
Bulardan
başga-da konsertde Witaliý Gnutowyň "Torgaý", Röwşen Nepesowyň "Näzlim",
Guseýin Rzaýewiň "Konsertino" eserleri ýerine ýetiriler.
Şeýle-de
Misel Sweeneýiň "Aladdin" kinofilminden parça Rustam Rustamowyň
ýolbaşçylyk etmeginde agzalan bölümiň orkestr topary tarapyndan ýerine
ýetirilip, tomaşaçylara sowgat bolar. Şol bölümiň depçiler ansambly
bolsa Rustam Rustamowyň ýolbaşçylyk etmeginde "Kakuwçylar çemenini"
ýerine ýetirer.