«Sport fotožurnalistikasy» atly okuw kitaby neşir edildi


Okuw
gollanmasy sport žurnalistikasy hünärinde bilim alýan talyp ýaşlara
sport fotožurnalistikasynyň aýratynlyklaryny öwretmegi maksat edinýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylym bölüminiň başlygy
Ş.Nepesowyň taýýarlamagynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen
okuw gollanmasy žurnalistika ugrundan okaýan talyplar üçin
niýetlenilendir. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi
saýtynda habar berildi.

Sport žurnalistikasy hünärinde bilim
alýan talyp-ýaşlaryň sport fotožurnalistikasynyň aýratynlyklaryny ýokary
derejede ele almaklaryny gazanmak, olara sport fotosuratlaryny
taýýarlamak, metbugat neşirlerinde fotosuratlary ýerleşdirmegi öwretmek,
sport fotožurnalistiniň işleriniň köptaraplylygyny, şeýle-de ýurtda
neşir edilýän gazet-žurnallaryň we daşary ýurtlaryň fotožurnallarynyň
üsti bilen sport suratlaryny, kadrlaryny içgin seljermegi öwretmek täze
kitapda göz öňünde tutulan esasy zatlardyr.

Okuw gollanmasy
girişden, «Sport fotožurnalistikasy dersiniň maksady we wezipeleri»,
«Fotografiýanyň döreýiş taryhy», «Fotožurnalistikanyň taryhyndan umumy
maglumat», «Fotožurnalistika türkmen metbugatynda», «Türkmen
metbugatynyň taryhyndan», «Sportuň adamzat jemgyýetinde tutýan orny»,
«Sport – fotožurnalistikanyň bir ugry hökmünde», «Sport bilen bagly
ilkinji gazet-žurnallar», «Türkmen sport fotožurnalistleri», «Sport
fotožurnalistine kömek: sport ýaryşlaryndan nähili surat almaly?»,
«Sportuň görnüşlerine görä surata almagyň aýratynlyklary», «Internet we
sport fotožurnalistikasy», «Sport fotožurnalistikasynyň žanrlary»,
«Fotodükanlar. Olaryň metbugatda we internet saýtlarynda ulanylyşy»,
«Sport fotožurnalistikasy we etika» atly bölümlerden ybaratdyr.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27