Üstünliklere beslenen ýyl


Türkmen
döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlerine bagyşlanyp dabaraly maslahat
geçirildi. Dabaraly maslahat ýylyň dowamynda gazanylan üstünliklere
bagyşlanyldy.

2024-nji ýylyň dowamynda Türkmen döwlet
bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleri halkara ýaryşlaryň
41-sine gatnaşyp, 49 altyn, 35 kümüş, 43 bürünç, jemi 127 sany
medallary, ýurdumyzda geçirilen 151 sany sport ýaryşlarynda 855 sany
medallary gazanmagy başardylar. Ýokary okuw mekdebinde 52 sany ýurt
derejesindäki sport ýaryşlary geçirilip, olarda zehinli türgenleri
saýlap-seçip almaga aýratyn ähmiýet berildi. 2024-nji ýylyň 18-nji
dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäheriniň Gazak sport we
syýahatçylyk akademiýasynda Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň
halkara birleşiginiň nobatdaky mejlisinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna resmi taýdan
kabul edildi. Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigi
dünýä jemgyýetçiliginiň öňdebaryjy 60-dan gowrak bedenterbiýe we sport
ugurly ýokary okuw mekdeplerini özüne birleşdirip, bilelikde ylmy-barlag
işleri geçirmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen
döredilendir.

Taryhy ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda
ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde 2 sany, Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň yglan eden
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny almakda 3 sany, halkara derejeli ders
bäsleşiklerinde 21 sany, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ders,
zehin, taslama we döredijilik bäsleşiklerinde 37 sany, Türkmenistanyň
Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginde 9
sany baýrakly orunlar eýelenildi. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim
ministrliginiň okuw-usuly geňeşiniň degişli bölümi we Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasy tarapyndan 8 sany okuw kitabynyň, 3 sany okuw
gollanmasynyň golýazmalary makullanyldy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy” ýylynda ýokary okuw mekdebimize degişli bolan 6 sany okuw
kitaby, 3 sany okuw gollanmasy, 2 sany ylmy ýygyndy resmi neşir edildi.
Halkara ylmy maslahatlaryň ýygyndylarynda, ylmy žurnallarda, halkara
indekslenýän makalalaryň gorunda, şeýle hem ýurdumyzyň ylmy-usuly
žurnallarynda, gazetlerinde we elektron neşirlerinde makalalary çap
etmekde uly üstünlikler gazanyldy.

Şeýlelikde, ýylyň jemi boýunça
sportuň başa-baş tutluşyk kafedrasynyň uly mugallymy Jennet Geldibaýewa
ýokary okuw mekdebi tarapyndan ýylyň göreldeli zähmet çeken mugallymy,
“Olimp” ylmy-usuly merkezinde ylmy-barlaglary alyp barmaga işjeň
gatnaşan sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň
professor-mugallymlary bolsa ýylyň dowamynda ýokary netijeleri
görkezenler hökmünde saýlanyldy. Ýylyň ýokary netijeleri görkezen talyp
türgeni adyna sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 3-nji ýyl talyby,
agyr atletika boýunça dünýä çempiony Şahzadbek Matýakubow, ýylyň
göreldeli talyby adyna sport fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Serdargeldi
Nurmuhammedow, ýylyň iň ökde sport žurnalisti adyna bedenterbiýe
fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Agabaý Akmyradow mynasyp görüldi.

«Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman
Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap
Watanymyzyň ýokary depginler bilen ösüşine goşant goşmakda, kabul edilen
milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde, türkmen
halkynyň milli ýörelgelerine mahsus nesli terbiýeläp ýetişdirmekde
hem-de tutanýerli zähmet çekmekde ýokary netijeleri görkezen
professor-mugallymlara ýadygärlik sowgatlar we hormat hatlary
gowşuryldy.

Ýylyň jemlerine bagyşlanan dabaraly maslahata
gatnaşyjylar döredilýän giň mümkinçilikler üçin Hormatly
Prezidentimiziň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň adyna köp
alkyşlary beýan etdiler.

Arslan MYRADOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27