Sylaglamak dabarasy geçirildi
2024-nji
ýylyň dekabr aýynyň 19-21-i aralygynda Türkmenistanyň Bilim
ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň
talyplarynyň arasynda Döwlet ders bäsleşigi geçirildi. Döwlet ders
bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplary 2024-nji
ýylyň dekabr aýynyň 28-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynda höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy
geçirildi. Soňra bolsa, bu şanly waka mynasybetli institutyň “Kuwwat”
adym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, Gahryman
Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe
aýdymlara tomaşa edildi. Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli
mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de
hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty