Türkmenistanyň Mejlisi 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň
ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi,
netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze
mümkinçilikleri açýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk
derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar
bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly
ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan
gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga,
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Birleşen
Milletler Guramasy tarapyndan hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Milletler Bileleşiginiň taryhynda
hem möhüm sahypa öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip
yglan edildi.
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan
geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň
gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň
arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär.
Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog —
parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň
parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we
durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy,
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we
hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä
döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban
Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine
gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli
oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Täze
taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara
hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we
daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden
wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk
söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer
ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da
belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana
uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady
bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher
paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň
ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan —
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri
jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan
gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar
edýär:
2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeli.