Türkmenistanda BMG-niň Çagalar gaznasynyň işi ösdürilýär


BMG-niň
Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy
Jalpa Ratna bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministri
J.Gurbangeldiýewiň duşuşygy geçirildi.

23-nji dekabrdaky
duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de bilim we
çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda mundan beýläk-de bilelikde
işlemegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilim ministri
ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini
nygtap, gatnaşyklarda gazanylan möhüm üstünlikleri belledi. Şol
üstünlikleriň hatarynda ÝUNISEF-iň 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt
maksatnamasynyň çäklerinde “2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň” durmuşa
geçirilmegi bar. Ol her çaga üçin inklýuziw we ýokary hilli bilimi
üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem «Türkmenistanda çagalaryň
hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin
Hereketleriň milli meýilnamasy» we “2020-2025-nji ýyllar üçin çaganyň
irki ösüşi boýunça milli strategiýasy” ýaly gol çekilen strategik
resminamalaryň ýurduň bilim ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge köp
babatda ýardam edýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Arkadag
şäherinde robot tehnikasy klubunyň açylmagy hem-de döwrebap sanly bilim
tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen birlikde STEAM-bilimiň
ösdürilişine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda taraplar
interaktiw okuw serişdelerini döretmek, bilimi dolandyrmagyň maglumat
ulgamyny ornaşdyrmak we mugallymlary taýýarlamagyň derejesini
ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary maslahatlaşdylar.

Ministr
irki ösüş we inklýuziýa babatda ÝUNISEF-iň alyp barýan işiniň
wajypdygyny belläp, Aşgabatdaky hem-de Lebap welaýatyndaky çagalar
baglarynyň binýadynda irki ösüş merkezlerini döretmegiň, şeýle hem irki
goşulyşmak otaglarynyň açylmagynyň netijelerini nygtady. Bu tagallalar
bilim işinde ene-atalaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hem-de aýratyn
talaplar gerek bolan çagalar üçin bilime irki elýeterliligiň üpjün
edilmegine gönükdirilendir.

Hanym Jalpa Ratna mähirli kabul
edilendigi üçin hoşallyk bildirip, çagalaryň hukuklaryny öňe
ilerletmekde we bilim ulgamyny kämilleşdirmekde Türkmenistanyň uly
üstünlikleri görkezýändigini belledi. Myhman hemmeler üçin ýokary hilli
hem-de elýeter bilimi ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamagy
dowam etmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar
hyzmatdaşlygy geljekde pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň çagalarynyň
we ýaşlarynyň abadançylygyna gönükdirilen bilelikdäki taslamalary
durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27