Agyr atletika: dünýä rekordlary we 28 medal!


Türkmen
agyr atletikaçylary Kataryň paýtagty Doha şäherinde ýetginjekleriň we
ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda dünýä rekordlarynyň
ikisini täzeläp, 28 medal gazandylar. Olaryň 11-si altyn, 8-si kümüş,
9-sy bürünç medallardyr.

Çempionatda Türkmen döwlet bedenterbiýe
we sport institutynyň talyby Şahzadbek Matýakubow ýene-de iki sany dünýä
rekordyny täzeledi. 102 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden
ildeşimiz agyrlygy silterläp galdyrmakda 177 kilogramlyk netije
görkezip, bu ugurda altyn medalyň eýesi boldy. Ştangany silterläp
galdyrmakda bolsa netijesini 219 kilograma ýetirdi. Munuň özi
Şahzadbegiň ozal hem özüne degişli bolan ýaşlaryň arasyndaky dünýä
rekordyny täzeländigini görkezýär. Ol sentýabr aýynda goýan rekordyny 3
kilogram artdyrdy. Bu çykyşyň has guwandyryjy tarapy bir rekordyň ikinji
bir rekorda-da sebäp bolmagydyr. Çünki Şahzadbegiň umumy görkezijisi
396 kilograma ýetdi. Bu netije-de ýaşlaryň arasyndaky täze dünýä
rekordydyr.

Şeýlelikde, Şahzadbegiň bir özi Watanymyza üç medal
bilen dolanyp geldi. Ýöne ýetginjekler we ýaşlar ýygyndymyzdan şeýle
üstünligi gazanan onuň ýeke özi däl. Şu ýylyň güýzünde Türkmen döwlet
bedenterbiýe we sport institutynda talyplyk dünýäsine gadam goýan zehin
Anamjan Rustamowa hem Aziýanyň çempionatyny üç altyn medal bilen
tamamlan türgenlerimiziň biri. Zenanlaryň arasynda 87 kilograma çenli
agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz jemi 238 kilogramlyk netije görkezip
(103+135), agyrlygy galdyrmagyň iki görnüşi we umumy netije boýunça
altyn medallara mynasyp boldy.

Anamjan bilen bir ýokary okuw
mekdebinde, bir toparda bilim alýan Gülälek Kakamyradowanyň döşüni bolsa
altyn medallaryň ikisi we bir bürünç medal bezedi. 64 kilograma çenli
agram derejesinde ýaryşan ezber türgene ştangany silterläp galdyrmakda
(92 kilogram) we iki görnüşiň jeminde (202 kilogram) taý tapylmady.
Agyrlygy itekläp galdyrmakda bolsa ol 110 kilogramlyk netije bilen
hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Türkmenabat
şäherindäki 5-nji orta mekdepden Süleýman Jafarow ýetginjekleriň
arasynda üç medal gazandy. Ol 102 kilograma çenli agyrlykdaky
türgenleriň ýaryşynda ştangany silterläp galdyrmakda 150 kilogram
agyrlygy göterdi. Bu netije onuň altyn medal gazanmagy üçin ýeterlik
boldy. Agyrlygy itekläp galdyrmakda altyn medal üçin 17 ýaşly türgene
bary-ýogy birnäçe kilogram ýetmedi. Şeýle-de bolsa, 176 kilogram
agyrlygy göteren Süleýman bu gezek kümüş medal gazandy. Bir altyn we bir
kümüş medallaryň şuglasy oňa iki görnüşiň jeminde ikinji kümüş medalyny
bagyşlady.

Paýtagtymyzdaky 104-nji orta mekdebiň 10-njy synpynda
okaýan Ogulşat Amanowa Aziýanyň çempionatynda 6 medal gazanan az sanly
türgenleriň biri boldy. Örän ýaşdygyna garamazdan, halkara sport
giňişliginde özüni ykrar etdirmegi başaran ezber agyr atletikaçy gyz 49
kilograma çenli agram derejesinde agyrlygy silterläp galdyrmakda 79,
itekläp galdyrmakda 97, iki görnüşiň jeminde 176 kilogramlyk netijeleri
görkezdi. Bu netijeler onuň diňe bir ýetginjekleriň arasynda däl, eýsem,
ýaşlaryň arasynda hem medala mynasyp görülmegine sebäp boldy. Ogulşadyň
agyrlygy silterläp galdyrmakdaky netijesi iki ýaş derejesinde altyn,
itekläp galdyrmakdaky we umumy görkezijidäki netijeleri bolsa kümüş
medallara laýyk görüldi.

Ogulşadyň dogany Medine ýaşlaryň
arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy. Ol ştangany
silterläp galdyrmakda 92 kilogramlyk netije görkezip, bu görnüşde
bürünç, iki görnüşiň jeminde bolsa 201 kilogramlyk netije bilen kümüş
medalyň eýesi boldy.

Paýtagtymyzdaky «Olimp» sport mekdebiniň
11-nji synp okuwçysy Didarbek Jumabaýew hem Dohadan ýurdumyza üç medal
bilen dolanyp geldi. Türgen ýetginjekleriň arasynda ştangany itekläp
galdyrmakda 171 kilogramlyk netije bilen kümüş, iki görnüşiň jeminde 298
kilogramlyk netije bilen bürünç medal gazandy. Onuň itekläp
galdyrmakdaky netijesi ýaşlaryň arasynda hem bürünç medal gazanmagy üçin
ýeterlik boldy. Didarbek 73 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy.

Mary
şäherindäki 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Yslam Akmyradowyň
döşüni bolsa bürünç medallaryň üçüsi bezedi. Ýetginjekleriň arasynda 89
kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz jemi 296
kilogramlyk (133+163) netije bilen agyrlygy galdyrmagyň iki görnüşinde
we olaryň jeminde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Aziýanyň
çempionatynda gazanylan medallaryň sanawyny Gumdag şäherindäki 28-nji
orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Maýagözel Hürmenowa bilen Türkmen
döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Babur Amangeldiýewiň
gazanan bürünç medallary jemleýär.

Doha çempionatyna yklymyň 20 döwletinden 237 türgen gatnaşdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27