Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi
Gündogaryň
beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden
ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda makala ýazmak
boýunça «Döwrüň özgertmeleri — ýaş žurnalistleriň gözi bilen» atly
döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Uniwersitetiň habar
bermegine görä, döredijilik bäsleşigi I we II derejeler boýunça
geçirildi. I derejä žurnalistika hünärinde, II derejä bolsa beýleki
hünärlerde okaýan talyplar gatnaşdylar. Bäsleşige 150-ä golaý iş
tabşyrylyp, olar «Türkmenistan» gazetiniň žurnalistlerinden we
uniwersitetiň mugallymlaryndan düzülen eminler topary tarapyndan
düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda seljerildi. Şeýlelikde, 21 awtoryň
işi degişli orunlara mynasyp görüldi.
I dereje boýunça ýeňijiler:
1-nji
orun — Rejepgeldi ALLAMYRADOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika
hünäriniň talyby;
2-nji orun — Aýlar ATAJYKOWA, Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
žurnalistikasy fakultetiniň talyby;
2-nji orun — Akgyz ANNAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we
edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň talyby;
2-nji orun — Gyzylgül AMANLYÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby;
3-nji
orun — Yhlas HALLYÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň
talyby;
3-nji orun — Žaloleddin BALTABAÝEW, Türkmen döwlet
bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň sport
žurnalistikasy hünäriniň talyby.
II dereje boýunça ýeňijiler:
1-nji
orun — Arslan MÄMMEDOW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň pedagogika
bilimi hünäriniň talyby;
2-nji orun — Nury SAKÇYÝEW, S.A.Nyýazow
adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini
gaýtadan işlemek fakultetiniň talyby;
2-nji orun — Batyr ILAMANOW, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň talyby;
2-nji
orun — Akmaral HANDURDYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby;
3-nji orun — Çynar RAHMANOWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň resminama we arhiw öwreniş taýýarlygy ugrunyň talyby;
3-nji
orun — Aýbölek JUMAÝEWA, Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň kesel bejeriş
fakultetiniň lukmançylyk-durmuş işi hünäriniň talyby;
3-nji orun — Ylham AMANTAGANOW, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyby;
3-nji
orun — Allaýar GURBANOW, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk
ugrynyň talyby;
3-nji orun — Firuza DOSÇANOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň agronomçylyk hünäriniň talyby;
3-nji orun — Gülaýym AKYNYÝAZOWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby;
3-nji
orun — Ogulgerek ATAÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş hünäriniň talyby.
Höweslendiriji baýragyň eýeleri:
Oguljeren KÄBÄÝEWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby;
Aýgül
NAZARLYÝEWA, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň maglumat tehnologiýalary programmirleme fakultetiniň
talyby;
Kuwwat ÝOWBASAROW, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň
sazşynaslyk hünäriniň talyby;
Maksatgeldi GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň inžener
ulgamlary we torlary hünäriniň talyby.
P.S. Eminler topary
döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň ýakyn wagtda Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinde dabaraly ýagdaýda sylaglanyljakdygyny
mälim etdi.