TDYDI: täze ýylda näme ösüşler garaşylýar


2024-nji
ýylda Ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, oba hojalygyndaky ýokary öndürijilik
we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy halkara
jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi. Türkmenistandaky bilim we sport
ulgamlaryndaky üstünlikler bolsa ýaş nesliň geljege bolan ynamyny has-da
pugtalandyrdy.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
instituty hem bu ösüşleriň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Institut bilim,
ylym we tehnologiýa ugurlarynda birnäçe möhüm çäreleri üstünlikli
geçirip, halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrdy.

Startup bäsleşigi geçirildi

Türkmen
döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik
pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu
çäräniň maksady ýaş zehinleriň innowasion başlangyçlaryny goldamakdy.

I orun: Aşyr Jumagulyýewiň “Aşyr” atly gaty galyndylary gaýtadan işleýän kärhanasy.

II orun: Yhlas Kerimow we Azat Orazgeldiýewiň “GymBuddy” atly ýöriteleşdirilen online fitnes programmasy.

III orun: Ymamhasan Abaýewiň “Logistika ulgamy üçin Mobil programma” taslamasy.

Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy, bu bolsa ýaş zehinleriň geljekde has uly üstünliklere ýetmegine itergi berdi.

Türkmenistan-Ermenistan hyzmatdaşlygy güýçlenýär

2024-nji
ýylda bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen
Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasynda bilim
hyzmatdaşlygy has-da giňeldi. Professor Narek Karapetýanyň türkmen
talyplary üçin geçiren okuw sapagy iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer
gatnaşyklaryň ösdürilýändigini görkezdi. Mundan başga-da, türkmen we
ermeni uniwersitetleriniň arasynda täze ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmenistan
2025-nji ýyla buýsanç we ynam bilen gadam basýar. Sebitiň hem-de
dünýäniň durnukly ösüşine uly goşant goşýan döwlet hökmünde ýurdumyzy
has-da öňe çykarmak, täze mümkinçilikleriň gapysyny açmak üçin giň
mümkinçilikler bar.

Türkmenistanyň täze ýyly üstünlikler, ösüş we
belent maksatlar bilen garşylamagy ýurdumyzy geljege has ynamly ädimler
bilen alyp barýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27