Sungatyň ylym gözbaşy
Ýakynda
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň
guramagynda “Sungatyň ylym gözbaşy” ady bilen konserwatoriýanyň
mugallymlarynyň aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça ýazan
kitaplaryndan kitap sergisi we tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu sergi
talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň
Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Watanymyzyň döredijilik
kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir.
Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýete we sungata halkyň
ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş
zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde aýratyn orun degişlidir.”
diýip örän jaýdar belläp geçýär.
Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa
adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlary
R.Amangeldiýewiň “Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde
sonata formasy”, M. Gapurowyň “Halk saz gurallary ansambllary üçin
eserler”, S. Nuryýewanyň “Fortepianoüçin eserleriň ýygyndysy”, H.
Muhammetgulyýewiň “ Akkordeon üçin eserleriň ýygyndysy”, M. Gurbanowyň
we L. Nasyrowanyň bilelikde ýazan “Gitara” kitaby, S.Tüýliýewiň “Теория
туркменской музыки”, Ýe.Osipowa we R. Muhammedowyň bilelikde ýazan
“Türkmen sazynyň teoriýasy”I kitaby boýunça awtorlary gysgaça
tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Şeýle hem täze kitaplar boýunça talyplar
özlerini gyzyklandyrýan soraglary awtorlar bilen söhbetdeşlik arkaly
dowam etdiler. Türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde
konserwatoriýanyň mugallymlarynyň täze kitaplary talyp ýaşlara uly
gollanma bolup hyzmat eder.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar
Medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmeginde döredilýän ähli
mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.