Dünýä dilleri institutynda hytaý dili boýunça geçirilen II internet-olimpiadasynda ýeňiji bolan okuwçylar sylaglandy

Döwletmämmet
Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bu ýokary okuw
mekdebiň Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda
hytaý dili boýunça geçiren II internet-olimpiadasynyň ýeňijilerini
sylaglamak dabarasy boldy.

Dabarada institutyň ýolbaşçylarynyň we
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri
çykyş edip, bäsleşikde ýeňiş gazanan okuwçylary gutladylar.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça hytaý dilini ýokary derejede bilýän sekiz ýeňiji kesgitlenildi.

Bäsleşigiň baş baýragyna Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Swetlana Akbaýewa mynasyp boldy.

1-nji orny Aşgabat şäherindäki 60-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Muhammetmyrat Allaberdiýew eýeledi.

Ikinji
orny Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçylary
Hakmyrat Annadurdyýew we Muhammetmyrat Mammetweliýew, şeýle hem Aşgabat
şäherindäki 50-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Wiktoriýa
Çabanenko eýelediler.

3-nji orna Aşgabat şäherindäki 53-nji orta
mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kseniýa Rassohina, Aşgabat şäherindäki
daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 130-njy orta mekdebiň 9-njy
synp okuwçylary Aýlar Nowruzowa we Nurana Musaýewa mynasyp boldular.

Olimpiadanyň
ýeňijilerine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky
ilçihanasynyň Hormat hatlary hem-de sowgatlary gowşuryldy.

Olimpiýada
iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda oňa gatnaşyjylar berlen tema
boýunça hytaý dilinde düzme ýazmakda bäsleşdiler. Ikinji tapgyr
barlagnama görnüşinde geçirildi.

Bäsleşik daşary ýurt dillerini
gowy bilýän zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak, ýurduň ýokary we
orta mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň
Konsepsiýasyny» geljekde-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen
geçirildi.Dünýä dilleri institutynda hytaý dili boýunça geçirilen II
internet-olimpiadasynda ýeňiji bolan okuwçylar sylaglandy

geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27