“Emeli aň Türkmenistanyň bilim ulgamyda“ atly ylmy-amaly maslahaty
2024-nji
ýylyň 23-nji dekabrynda geçirilen “Emeli aň Türkmenistanyň bilim
ulgamyda“ atly ylmy-amaly maslahaty 2023-nji ýylyň 9-nji noýabrynda
tassyklanan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim
ulgamynda maglumat tehnologiýalary institutynyň arasynda 2024-2025-nji
ýyllarda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça “Hyzmatdaşlyk etmegiň Ýol
kartasynyň” çäginde ýerine ýetirmeli wezipeleri, ýagny Tejribe alyşmak
boýunça halkara hyzmatdaşlygy guramak, Bilimi dolandyrmakda maglumat
ulgamlary ösdürmek, Mugallymlaryň sanly ulgamda başarnyklaryny
kämilleşdirmek, Türkmenistanyň zerurlyklaryny we aýratynlyklaryny göz
öňünde tutup, mugallymçylyk işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak
boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Ylmy-amaly
maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda açyş sözi bilen Türkmenistanyň Bilim
ministriň orunbasary A.Ataýew çykyş etdi. ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda
maglumat tehnologiýalary institutynyň direktory Tao Jan hem-de Huawei
kompaniýasynyň sebitdäki wise Prezidenti Chao XIE giriş sözleri bilen
onlaýn çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda Bilim ministrligiň we
ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary institutynyň
wekilleri çykyş edip, özara hyzmatdaşlygyň esasynda Türkmenistanyň bilim
ulgamyda emeli aňyň ulanmagyny ýola goýmak we kämilleşdirmek boýunça
birnäçe soraglar seredildi, şol sanda Bilim ulgamynda Emeli aňy ösdürmek
boýnça strategiýanyň taslamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bňlüminiň başlygynyň w.w.ý
R.Mahmudow), okuw işinde mugalymlaryň we talyplaryň emeli aň boýnça
kompetensiýlary (başarnyklary) (ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat
tehnologiýalary institutynyň Sanly Pedagogika we okuw maglumatlary
boýunça Maksatnamalar bölüminiň hünärmeni, Professor Oksana Çigişewa
(online)), emeli aň boýunça halkara okuw platformalar barada (Xiaohan
Bi, UNESCO-nyň Ýokary bilim Innowasion Halkara merkeziniň (ICHEI)
direktorynyň orunbasary (online)) we emeli aňyň kömegi bilen ýaş nesiliň
önümçilige taýýarlanyşy (Durdygylych Mergenow, Türkmenistanyň Bilim
ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmeni) çykyş etdiler.