Türkmenistanly talyplar «Dünýä döwletleriniň saýlaw ulgamlary» olimpiadasynda ýeňiji boldular
Türkmenistanly
talyplar GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Demokratiýanyň ösüşine
gözegçilik edýän halkara instituty, Saratowyň Döwlet hukuk akademiýasy
hem-de Halkara ylmy maglumatlar merkezi tarapyndan guralan «Dünýä
döwletleriniň saýlaw ulgamlary» atly bäşinji halkara talyplar internet
olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.
«Türkmenistan: Altyn
asyr» neşiriniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan Selbi Ataýewa hem-de
Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetinde
okaýan türkmenistanly talyp Anastasiýa Çerkasowa olimpiadanyň
ýeňijileriniň hataryndan orun almagy başardy.
Şeýle-de
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutyndan Taňryguly Geldimämmedow hem-de Russiýanyň Patris Lumumba
adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetinde okaýan türkmenistanly Malika
Hojagurbanowa baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.
Ýeri gelende bellesek, halkara olimpiada onlarça ýurtdan 177 sany ýokary okuw mekdebiň 3172 sany talyby gatnaşdy.