Bank ulgamynda döwrebap sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar


Häzirki
döwürde ýurdumyzda karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän döwrebap
sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şolaryň hatarynda
«Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank-terminal»,
«Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart»,
«Sanly töleg», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar bar. Olaryň kömegi bilen
karzlary resmileşdirmek, internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek,
elektron göçürmeleri almak, elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak,
onlaýn görnüşde täze bank kartlaryny açmak, bir kartdan beýleki karta
pul serişdelerini geçirmek, harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary
geçirmek ýaly dürli amallary ýerine ýetirmek mümkindir. «VISA» we
«MasterCard» halkara töleg ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda möhüm
ädim boldy. Munuň özi Türkmenistana ählumumy bank hyzmatlary ulgamyna
goşulyşmaga, ýurdumyzyň esasy banklarynyň işewürlik abraýyny artdyrmaga
mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, «Daýhanbank», «Türkmenistan»
döwlet täjirçilik hem-de «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banklary
daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw we umumy ýaşaýyş jaý töleglerini
onlaýn görnüşde tölemek üçin niýetlenen sanly hyzmatlary hödürleýärler.

Karzlary
resmileşdirmekde ýeňillikleri döretmek maksady bilen, «Halkbank»
paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan 2024-nji ýylyň iýulynda «Sanly
karz» ulgamy ornaşdyryldy. Müşderiler ýörite ykjam goşundy arkaly onlaýn
görnüşde sarp ediş karzyny almak üçin ýüz tutmaga, öz karz taryhyny
özbaşdak barlamaga, karzyň iň ýokary möçberini kesgitlemäge mümkinçilik
alýarlar. «Halkbank» tarapyndan «Halkbank terminal» ykjam programma
üpjünçiligi-de işe girizildi. Bu hyzmat döwrebap we ygtybarly
tehnologiýalaryň esasynda işlenip düzülendir hem-de ol nagt däl
hasaplaşykda, ýagny harytlardyr hyzmatlar üçin tölegler tölenende
ulanylýan adaty töleg terminalynyň ornuny tutýar.

«Senagat»
paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Senagat töleg»
ykjam programma üpjünçiligi arkaly «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň TMCELL öýjükli
aragatnaşyk telefon hyzmatynyň, AŞTU-nyň (Aşgabat şäher telefon ulgamy)
CDMA öýjükli aragatnaşyk telefon, internet, IP TV, öý telefony
hyzmatlarynyň, «Türkmentelekom» elektron aragatnaşyk kompaniýasynyň
internet hyzmatynyň, «Belet film» hyzmatynyň, «Älem-TV plastik kartlary»
hyzmatynyň töleglerini, şeýle-de Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň
ýol gözegçiligi gullugynyň jerime töleglerini, ýerleşýän ýerlerine
garamazdan, müşderiler günüň islendik wagtynda töläp bilýärler.

Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň
ykdysadyýetini innowasion taýdan ösdürmek babatda alnyp barylýan giň
gerimli işler durnukly ykdysady ösüş gazanmak, ilatyň abadançylygyny
ýokarlandyrmak üçin amatly makroykdysady şertleri döredýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27