Ösümlik ýaglaryny saklamak
«Ösümlik
ýaglaryny saklamak» atly okuw kitabynda dürli görnüşli ösümlik
ýaglarynyň saklanyşy we ösümlik ýaglaryny saklamagyň aýratynlyklary
beýan edilýär. Ösümlik ýaglaryny saklamak üçin niýetlenen ammarlar
toplumynyň tehnologik hatary görkezilýär. Ammarlarda ösümlik ýaglary
saklanylýan wagtynda olaryň düzüminde bolup geçýän himiki we biologik
hadysalar düşündirilýär.
Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny gazanmakda
ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny
sazlaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Pudaga iri möçberde maýa
goýum serişdeleri yzygiderli gönükdirilýär. Şonuň netijesinde-de,
ýurdumyzyň sebitleri çalt depginler bilen ösýär. Ylmyň we tehnikanyň
öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini önümçilige
ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk pudagynyň önümçilik düzümleri-de
yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Çig mal almakdan taýýar önümi
ýerlemäge çenli önümçiligi tehniki we tehnologik taýdan çaltlandyrylan
görnüşde täzeden enjamlaşdyrmaga tarap ugur almaly. Diňe innowasion
tehnologiýalar bäsdeşige ukyply önümleri almaga mümkinçilik berýär.
Okuw
kitabynda ýaglary kabul etmegiň we daşamagyň esasy kadalary, olaryň
mukdaryny hasaba almaga gerek bolan maglumatlar berilýär.
Ýaglary
ammarlara kabul etmek, saklamak we sarp edijilere goýbermek işlerini
doly düzümde awtomatlaşdyrmak ýaly meseleleriň çözgüdi beýan edilýär. Bu
okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we ýag önümçiliginiň
hünärmenleri üçin niýetlenendir.