ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «TÜRKMEN SAZYNYŇ TEORIÝASY. I» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI


Türkmen
sazy gadymy halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi, şonuň üçin
ol özüniň gadymy taryhy, pelsepesi, gaýtalanmajak äheňleri bilen ruhy
durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär.  Seleň sähralaryň, gudratly daglaryň
ajaýyp tebigaty, deňiz-derýalaryň joşguny ähli döredijilik adamlaryna,
şol sanda saz düzüjilere hem tükenmejek ylham berýär, olaryň göwünlerini
göterýär. Şeýlelikde, türkmen saz sungatynyň taryhynda hiç haçan
könelmejek süýjiden-süýji, şirinden-şirin aýdym-saz hazynasy döreýär.
Belki, hut şonuň üçindir, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyz: “Ylmy we bilimi, medeniýeti we milli sungaty ösdürmek – bu
biziň syýasatymyzyň özenidir, geljekde hem aýratyn üns beriljek esasy
ugurdyr” – diýip belleýär.

Ýaňy-ýakynda ýokary okuw
mekdepleriniň, şol sanda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň talyplary üçin «Türkmen sazynyň teoriýasy. I» okuw
kitaby (awtorlary: Ý.Osipowa, R.Muhammedow – A.: Türkmen döwlet neşirýat
gullugy) neşir edildi.

Okuw kitaby iki bölümden ybarat bolup,
onuň I bölüminde etnosazşynaslyk ylmy barada maglumatlar beýan edilýär.
Şeýle hem Gündogar alymlary al-Faraby, Ibn Sina, aş-Şirazy, Muhammet
Amuly, Abdyrahman Jamy ýaly birnäçe akyldarlaryň ylmy garaýyşlary
getirilýär.

Kitabyň II bölüminde bolsa Türkmenistanda XX – XXI
asyrlarda aýdym-saz ylmynyň ösüşi, türkmen folklory, professional halk
aýdym-saz sungatyny öwrenijiler barada maglumatlar berilýär. Bu bölümde
ýurdumyzyň döwrebap saz folklorçylygynyň kemala geliş döwri we ösüşi
yzygiderli öwrenilýär, şeýle hem öwrenilýän ýagdaýyň esasy üç döwri
şöhlelendirilýär.

Birinji döwri – XX asyryň 20–60-njy ýyllary,
ikinji döwri – saz folklorçylygynyň ösüşini şöhlelendirýän we esasy
görnüşde professional tankydy manynyň güýçlenmegini häsiýetlendirýän,
ýagny XX asyryň 70–80-nji ýyllary, üçünji döwri – Türkmenistanyň
Garaşsyzlyk ýyllary – türkmen halk sazynyň işjeň öwreniliş döwri we onuň
özboluşly aýratynlyklaryny ýüze çykarmak bilen baglanyşyklydyr.

Bu
okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň türkmen sazynyň taryhy we
nazaryýeti hünärinden bilim alýan talyplarynyň hünär dersi üçin
niýetlenilen. Şeýle okuw kitaby aýdym-saz ojagynda okaýan talyp ýaşlara,
saz öwrenijilere, okyjylara we mugallymlara gymmatly, bahasyna ýetip
bolmajak ylmy çeşme hasaplanylýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27