SIM-kartlary ekologiýa zyýan ýetirmekde günäkärlediler


Smartfonlaryň
özünde ornaşdyrylan SIM-kartlar (eSIM) plastiki kartlardan howa
kömürturşy gazyny 46 göterim az taşlaýarlar. Bu eSIM-leri diňe bir
ulanyjylar üçin däl, ekologiýa babatda-da peýdaly edýär. Bu barada
Russiýanyň «Unisimka» tehnologik kompaniýasynyň ýolbaşçysy Anna
Kaşniskaýa gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«ABI
Research» seljeriji kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda
dünýäde SIM-kartlaryň 4,09 milliarda golaýy öndürildi, olaryň 3,5
mlrd.-y plastik we diňe 457 milliony gurnalan eSIM-kartlardyr. Bazary
seljerijler aýrylýan plastik kartlara islegiň şu onýyllygyň aýagynda
güýçli azaljakdygyny çaklaýarlar.

Plastik
SIM-kartlar göwrümi we agramy babatda ujypsyzdygyna garamazdan, olaryň
önümçiligi daşky gurşawa uly zyýan ýetirýär. Sebäbi her ýylky 4,5 mlrd
adaty SIM-kartlaryň önümçiligi 20 müň tonna golaý plastik talap edýär.

Galyberse-de,
eSIM-lere geçilmegi plastigiň önümçiligini azaldýar we gaplamak hem-de
daşamak zerurlygyny aradan aýyrýar. Şeýlelikde, olaryň ulanylmagy
smartfonlar we beýleki enjamlar üçin has ekologik çözgüt bolup durýar
diýip, russiýaly hünärmen nygtady.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27