Türkmenistanyň hem-de Somaliniň ÝOM-larynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi


Şu
gün, 23-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň we Somali Federatiw Respublikasynyň ýokary okuw
mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda daşky gurşawy goramak
we suw diplomatiýasyna bagyşlanan göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahat
geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda
habar berildi.

Duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň müdiri, Ýewropa Komissiýasynyň
Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada
howa durnuklylygyny we howpsuzlygy üpjün etmek üçin suw pudagynda ýokary
bilimi pugtalandyrmak» (HWCA) atly taslamasynyň uniwersitet boýunça
utgaşdyryjysy Şeker Aşyrmyradowa «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine
uýgunlaşmakda ýokary bilimiň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti» atly
temada çykyş etdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň Gidrometeorologiýa kafedrasynyň müdiri, geografiýa
ylymlarynyň kandidaty Gapurjan Hamraýew «Günbatar Türkmenistanyň aklaň
çägeleriniň hereketiniň öwrenilişi» atly temada çykyş etdi.

Göni
aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda Somali Federatiw Respublikasy
tarapyndan hem birnäçe çykyşlar boldy. Mogadişo uniwersitetiniň
Parahatçylyk, suw we daşky gurşaw institutynyň müdiri Dr. Şerif Osman
«Somaliniň suw diplomatiýasy: bar bolan kynçylyklar we elden gidirilen
mümkinçilikler» diýen temada, Somali milli uniwersitetiniň oba hojalygy
we daşky gurşawy dolandyrmak fakultetiniň mugallymy Abdilatif Hüseýin
Omar «Somaliniň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi: hökümet, raýat
jemgyýeti we akademiýanyň bilelikdäki tagallasy» diýen temada, Mogadişo
uniwersitetiniň inženerçilik fakultetinden doktor Abdirahman Ysmaýyl
Dakane «Juba-Şabble basseýniniň toplumlaýyn suw çeşmelerini dolandyrmak:
durnuklylygyň açary we sebit ösüşine umyt» atly temada, SIMAD
uniwersitetiniň howa we daşky gurşaw institutyndan Muhammet Okaş
«Somalide howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýokary bilimiň orny» atly
temada çykyş etdiler.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda taraplar mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27