Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlyk eder
Prezident
Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Kuala-Lumpurda malaýziýaly
kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli
ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar
türkmen-malaý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler.
Ikitaraplaýyn
duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika,
söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer,
ulag-kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm
meseleleri girizildi diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly,
gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Şolaryň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga
uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen
döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga
uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen
döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý
uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen
Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen
Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama bar. Şeýle hem duşuşyklarda köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi
bellenildi.