Awstraliýada sygyr bakýan we olaryň saglygyna gözegçilik edýän robot döretdiler


Sidneýiň
uniwersitetiniň alymlary «SwagBot» atly padyman robot döretdiler. Daşky
keşbi babatda iri şahly mallara meňzeýän ýeri bolmasa-da, oňa «akylly
sygyr» hökmünde baha berildi diýip, «Reuters» habarlar gullugyna
salgylanýan «rg.ru» portaly ýazýar.
Aslynda
gyzyl kelleli, dört aýakly enjam mundan 10 ýyla golaý wagt öň peýda
boldy. Onuň ilkibaşdaky işi örän çäklidi, şol wagt diňe padyman, ýagny
sygyr çopanynyň hyzmatyny bitirýärdi. Ol mallary gezim etdirip, meýdanda
ygar ýörerdi.
Indi
inženerler «SwagBot» robotyny emeli aň we kuwwatly datçikler bilen
üpjün etdiler. Ol has uly işleri başarýar: sygyrlaryň özüni duýşuny
yzarlaýar, iň esasy hem sonar meýdanlaryň ýagdaýyny kesgitleýär, ýagny
nirede ot köpdügini anyklamagy başarýar. Eger meýdan öň basgylanan
bolsa, padyman-robot sygyr sürüsiniň daşyna aýlanyp, ony otluk ýere
äkidýär.
Roboty
işläp düzüjileriň roboty has-da kämilleşdirmek maksatlary bar. Ol
ekologik taýdan arassa we Awstraliýanyň oba hojalygynyň önümberijiligini
ýokarlandyrmaga ukyply. Taslamanyň ýolbaşçysy Salah Sukkariýeniň
sözlerine görä, elektron «çopan» fermerler bilen habarlaşyp, olaryň
aladalaryny azaldýar.
«Reuters»
oba hojalygyň Awstraliýanyň ykdysadyýetiniň iň möhüm pudagyny ýazýar.
Ýurt sygyr etini eksport etmekde dünýä liderleriniň sanawyna girýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27