«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident
Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon
dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Habarda
bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we
türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap
daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba
uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem
munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda
däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli
waka boldy. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlykda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly
edebi-filosofik eseri terjime edildi. Mälim bolşy ýaly, bu kitap şu
ýylyň ýanwarynda ýapon dilinde çapdan çykdy.
Tanyşdyrylyş
dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurduň we daşary
ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri,
ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä
Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň
direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we
enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy. Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatda
degişli komitetiň 15-nji mejlisi geçirildi.
Çykyşlarda nygtalyşy
ýaly, özara hoşniýetli erk-islegiň netijesinde döwletara dialog täze
mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ynsanperwer ulgam däp bolan hyzmatdaşlygyň
möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Şunda ylym, bilim, medeniýet
ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi we uly mümkinçilikleri
bar. Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň
ýapon dilindäki neşiri «Günüň dogýan ýurdunyň» okyjylaryna ýaş nesil
hakyndaky hemmetaraplaýyn aladalara aýratyn ähmiýet berýän
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen giňişleýin
tanyşmaga mümkinçilik berer.