Türkmenistanyň we Rumyniýanyň tehnologiýa ugry boýunça ýokary okuw mekdepleri


Türkmenistanyň
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Buharestiň
Milli politehniki ylymlar we tehnologiýalar uniwersiteti Özara
düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler.
Ähtnama
gol çekmek dabarasy «Akylly şäher: dolandyryş, sanly, akylly we emeli
aň tehnologiýalary, howpsuzlyk, ykdysadyýet» atly Halkara ylmy-amaly
maslahatynyň çäklerinde onlaýn görnüşde geçirildi.
Gol çekilen Ähtnamanyň esasynda şu işleriň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär:
• bilelikdäki ylmy-barlaglary alyp barmak we tejribe-konstruktorçylyk taslamalaryny geçirmek;
• leksiýalary, simpoziumlary, interaktiw duşuşyklary, maslahatlary we seminarlary gurnamak;
• okuw maksatnamalary we ylmy işler boýunça professor-mugallymlary we talyplary alyşmak;
• okatmakda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen tejribe alyşmak.
Şeýle
hem taraplar professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň we ýaş alymlaryň
barlag-gözleg netijelerini halkara ylmy žurnallarda bilelikde çap etmegi
amala aşyrmak niýetini bildirdiler.
Bu
ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym we bilim babatynda netijeli
hyzmatdaşlyk birnäçe ýyllaryň dowamynda üstünlikli alnyp barylýar –
diýlip, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň metbugat üçin
habarynda bellenilýär.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27