Täze goşgular ýygyndysy neşir edildi
Mälim
bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda hem-de bütin dünýäde Gündogaryň nusgawy
şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
ýokary derejede dabaralandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hemişelik
Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan «Pähim-paýhas
ummanyna syýahat» atly täze goşgular ýygyndysy neşir edildi.
Täze
neşirde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň bagtyýarlykdan ylham
alýan halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň goşgulary
jemlenildi. Kitapda awtorlaryň 12-siniň 100-den gowrak goşgusy
ýerleşdirilip, täze taryhy döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda amala
aşyrylýan beýik işleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik
Bitaraplygymyzyň, bagtyýar durmuşymyzyň waspy belentden ýetirilýär.
Kitabyň girişi Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly
mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Saryýew tarapyndan
ýazyldy.
Goşgular ýygyndysy Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlan mynasyp döredijilik sowgadydyr.