ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «PARS DILINIŇ LEKSIKOLOGIÝASY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary
netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş
nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesliň
döwrüň talaplaryna laýyk bilim almagy, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli,
ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly
adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň
syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda ýetilen sepgitler türkmen
jemgyýetiniň umumadamzat we milli gymmatlyklary esasynda ösmegine we
kämilleşmegine, ylmyň, täze tehnologiýalaryň gazananlaryny yzygider
ornaşdyrmaga amatly şertler döredýär. Giň gerimli işleriň üstünlikli
amala aşyrylmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli dil
syýasatynyň hyzmaty örän uludyr. Şu maksatlar bilen kabul edilen
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň
Konsepsiýasy» bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň her bir basgançagynda
daşary ýurt dillerini okatmagyň maksatlaryny we wezipelerini bilim
standartlarynyň talaplaryna we daşary ýurt dillerini okatmagyň
usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usuly çemeleşmelerine,
şeýle hem daşary ýurt dillerini öwrenmegiň milli we daşary ýurt
innowasion tejribesine laýyklykda kesgitleýän resminama bolup çykyş
edýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Pars diliniň
leksikologiýasy» okuw kitaby (awtorlary: K.Amangeldiýewa, B.Atanyýazowa –
A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) çap edildi. Bu okuw kitaby hem şol
resminamanyň daşary ýurt dilini okatmak boýunça öňde goýýan
wezipelerinden ugur alýar.
Pars dilini hünär dili hökmünde
öwrenýän talyplar üçin niýetlenilen bu okuw kitabynda pars diliniň
sözlük düzümi, onuň ösüşi, baýlaşmagy, sözleriň manysynyň üýtgemegi,
giňemegi we daralmagy, aýratynlyklary, sözleriň göni we göçme manysy,
bir we köpmanylygy, köpmanylylygyň ýüze çykyş ýollary, könelişen sözler,
arhaizmler, täze sözler, sözleriň manysynyň durnuklaşmagy, sözleriň
stil aýratynlyklary, olaryň sözlüklerde şöhlelenişi barada giňişleýin
maglumatlar berilýär. Onda häzirki zaman eýran dilleri we şiweleri, pars
diliniň leksikasy barada umumy maglumatlar, pars dilinde alynma sözler
(şol sanda arap, türki, fransuz, iňlis, rus alynma sözleri),
semasiologiýa, omonimler we olaryň görnüşleri, sinonimler we olaryň
görnüşleri, antonimler we olaryň görnüşleri, frazeologizmler we olaryň
görnüşleri, idiomalar, gepleşik stili, pars diliniň terminologiýasy,
leksikografiýa we ş.m. bilen baglanyşykly maglumatlar beýan edilýär.
Bu
okuw kitaby diňe bir pars dilini hünär dili hökmünde öwrenýänler üçin
däl, eýsem, bu dil bilen gyzyklanýan her bir adam üçin peýdaly bolup
biler.