Türkmen talyplary «ADNOC-yň» Abu-Dabi şäherindäki baş edarasyna baryp gördüler
Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar
topary Birleşen Arap Emirliklerine okuw saparyny amala aşyrdylar.
BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de Anwar Gargaş adyndaky
Diplomatiýa akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan bilim
maksatnamasynyň çäginde geljekki türkmen diplomatlary Abu-Dabiniň Milli
nebit kompaniýasynyň («ADNOC») baş edarasyna baryp gördüler. Bu barada
BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Saparyň
dowamynda talyplary «ADNOC-yň» ýokary derejeli ýolbaşçylary: iş
üpjünçilik strategiýasy, zehinleri we netijeliligi dolandyrmak boýunça
ýerine ýetiriji wize-prezidenti Aýşa Al Hammadi hem-de kompaniýanyň
işgärler düzüminiň ösüşi boýunça uly wise-prezidenti Sultan Al-Gaýti
mähirli garşyladylar. Duşuşyga BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al
Hameli hem gatnaşdy.
Saparyň dowamynda talyplar dünýäniň iň uly
energetika kompaniýalarynyň biriniň işleri bilen tanyşmaga we tejribeli
hünärmenler bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçilik aldylar. Duşuşyk tejribe
alyşmak hem-de Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda energetika
pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm
platforma bolup hyzmat etdi.
Türkmen talyplary üçin işlenip
düzülen okuw meýilnamasy diňe bir kompaniýalara we döwlet edaralaryna
baryp görmegi däl, eýsem, BAE-niň taryhy we däp-dessurlary bilen
tanyşmaga gönükdirilen medeni çäreleri hem öz içine aldy. Bäş gün dowam
eden maksatnama ýaş diplomatlara gözýetimlerini giňeltmek we geljekki
hünärlerinde peýdaly boljak amaly bilimleri almak üçin ajaýyp
mümkinçilik boldy.