«Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» — ylymlaryň şamçyragydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi


Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň uly mejlisler zalynda «Gahryman Arkadagymyzyň
«Hakyda göwheri» — ylymlaryň şamçyragydyr» atly ylmy-amaly maslahat
geçirildi. 17-nji dekabrda bolan ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly
täze eseriniň ylmy nukdaýnazaryndan öwrenmäge gymmatly çeşme bolup
durýandygyna şaýatlyk etdi diýlip, Bilim ministirliginiň resmi saýtynda
habar berildi.
Habarda
bellenilişi ýaly, ylmy-amaly maslahatynyň işi umumy mejlisde
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim
ministrliginiň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen başlap, Türkmenistanyň
Mejlisiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň alymlarydyr professor-mugallymlarynyň çykyşlary bilen
dowam etdi.
3
sany bölümçede işini dowam eden bu ylmy-amaly maslahatyň işine ýurduň
ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Milli
bilim institutynyň hünärmenleri işjeň gatnaşyp, täsirli çykyşlary bilen
maslahata gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27