Türkmenistan «John Deere» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-amerikan forumynyň
çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow
bilen «John Deere» kompaniýasynyň GDA ýurtlary boýunça wise-prezidenti
Piter Sasekiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bu barada HHM habar berýär.
Duşuşykda Türkmenistan bilen oba hojalyk tehnikalaryny öndürmekde
dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan ABŞ-nyň «John Deere» kompaniýasynyň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar
Türkmenistanyň oba hojalyk toplumy üçin ýokary hilli enjamlar we
tehnologiýalar bilen üpjünçiligiň gerimini giňeltmek, şeýle-de bu pudaga
innowasion çözgütleri ornaşdyrmak barada pikir alyşdylar.
Piter Sasek Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, iki tarap üçin hem özara
peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekdi. Wise-premýer
B.Annamämmedow hem öz gezeginde Türkmenistanda oba hojalygynyň
netijeliligini ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman enjamlary we
tehnologiýalary bilen üpjünçiligini giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.
Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda oba hojalygy pudagynda bilelikdäki
taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle-de hünärmenleri taýýarlamak we
olaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek mümkinçiligi boýunça anyk
ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.