Türkmenistan Täze ýyly garşy alýar – ýurdumyzyň Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
15-nji
dekabrda Aşgabatdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki
meýdançada Türkmenistanyň iň beýik açrasynyň çyralary dabaraly ýagdaýda
ýakyldy. Bu iň gowy görülýän gyşky baýramçylygy - Täze ýyla bagyşlanan
baýramçylyk çäreleriniň başlanandygyny alamatlandyrýar. Bu ýerde dürli
reňkli erteki şäherçesi peýda boldy.
Sekizburçly ýyldyz we “2025” ýazgy bilen bezelen, Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.
Meýdançada
teatr toparlarynyň, ýaş artistleriniň we meşhur estrada aýdymçylarynyň
gatnaşmagynda Täze ýyla bagyşlanan ajaýyp çykyşlary boldy. Tamamlanyp
barýan 2024-nji ýylyň we täze, 2025-nji ýylyň nyşanlarynyň keşbini
janlandyran artistler öz goşgularyny gyş gahrymanlaryna bagyşladylar.
2ce243a8-381f-45e5-aa4c-a3f284536dba.JPEG
Baýramyň
esasy pursady ýurduň Baş arçasynyň yşyklaryň ýakylmagy boldy. Onuň
yzyndan, baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan Türkmenistanyň
şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda Täze ýyl arçalarynyň
yşyklarda ýalkym saçdy.