Özbegistanly talyp Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guran bäsleşiginde ýeňiji boldy


Seýitnazar
Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan fizika
boýunça geçirilen IV halkara internet olimpiadasynyň netijeleri yglan
edildi. Onda talyplaryň 117-si baýrakly orunlary eýeledi. Bu barada
«Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi
ýaly, iň ýokary utugy Nyzamy adyndaky Daşkent döwlet mugallymçylyk
uniwersitetiniň talyby Jasur Jamolow eýeledi. Ol berlen meseleleri takyk
işläp, 36 utuk toplap bildi. Birinji orny eýelänleriň arasynda
olimpiadany guraýjy ýokary okuw mekdebinden Annajemal Dädebaýewa bar. Ol
34 utuk toplady. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet, Ufa
döwlet nebit tehniki, S.Aýni adyndaky Täjik döwlet mugallymçylyk,

S.A.Nyýazow
adyndaky Türkmen oba hojalyk, M.Ý.Ýewsewýewa adyndaky Mordowa döwlet
mugallymçylyk, Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk we Ýagşygeldi
Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetlerinden, Türkmen oba
hojalyk, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
institutlaryndan gatnaşan talyplar birinji ornuň eýeleri boldular.

Olimpiadada ikinji orna 35, üçünji orna bolsa 67 talyp mynasyp boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27