GDA-nyñ Halkara nanotehnologiýa innowasiýa merkezi 2025-nji ýylda grant almak üçin bäsleşik yglan etdi

Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ Halkara nanotehnologiýa innowasiýa merkezi GDA gatnaşyjy-ýurtlaryñ Döwlerara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyñ hem-de Yadro barlaglaryñ birleşen institutynyñ hemaýaty bilen 2025-nji ýylda Merkeziñ işiniñ çäklerinde taslamalary işläp taýýarlamak üçin grantlary almak bäsleşigine isleg arzalarynyñ kabul edilişigini  başlady.
Ylmy işläp taýýarlamalaryñ grant kömegini üpjün etmek maksady bilen ýokary tehnologiýa boýunça ylmy we innowasion taslamalary saýlap almak bäsleşigiñ esasy wezipesi bolup durýar.
Bäsleşige 40 ýaşa çenli GDA gatnaşyjy-döwletleriñ bilim, ylmy we innowasion edaralara wekilçilik edýän ýaş alymlar we hünärmenler gatnaşyp bilýär. Olar ýokary tehnologiýalar babatda netijeleri täjirleşdirmek mümkinçiligi bolan ylmy barlaglar we işläp taýýarlamalar bilen meşgullanmaly.
Patentleşdirmek we ornaşdyrmak tapgyrynda bolan hem-de ileri tutulýan ugurlara, ýagny nanotehnologiýalar, ýadro tehnologiýalary, biotehnologiýalary, energiýa netijeliligi, maglumat tehnologiýalary we ş.m. degişli taslamalar aýratyn tapawutlanar.
Taslamanyñ durmuşa geçirilmegi üçin grantyñ möçberi 620 000 çenli rubl düzýär.
Grant boýunça işleri ýerine ýetirmek möhleti 5 aýa deñdir.
Isleg arzanyñ hasaba alynmagy üçin dalaşgär arza görnüşini dolduryp, ony 2025-nji ýylyñ 15-nji fewralyna çenli ininc@jinr.ru elektron salgysy boýunça ýollamaly.
Bäsleşik toparynyñ mejlisi 2025-nji ýylyñ fewral aýynyñ ahyrynda geçiriler.
Saýlama tapgyryny geçen dalaşgärlere indiki ýerine ýetirilmeli işler baradaky resmi maglumatlar ugradylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27