Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy Haýdarabat we Pune şäherlerindäki uniwersitetlerde duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň
Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Haýdarabat we Pune
şäherlerindäki uniwersitetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.
Ilçihananyň wekilleri bu şäherlerde okaýan türkmen talyplary bilen hem
duşuşdy. Bu barada Ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.
Ilçihananyň
wekilleri Haýdarabatdaky iň uly bilim merkezleriniň biri bolan Osmaniýa
uniwersitetiniň we uniwersitetiň bir kollejiniň ýolbaşçylygy bilen
geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan
özgertmeler barada çykyş etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde
Nýu Delide Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan
ylmy we amaly konferensiýanyň geçirilendigi bellendi.
Şeýle hem
hindi uniwersitetleriniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 29 ýyllygynyň giňden bellenilmegi barada gürrüň berildi.
Haýdarabat
we Pune şäherlerine guralan saparlaryň çäginde ýerli uniwersitetlerde
okaýan türkmen talyplarynyň arasynda sport çäreleri hem geçirildi.