Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň orta hünär okuw mekdepleriniň tejribesini öwrendi


9 —
13-nji dekabr aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orta hünär biliminiň
işgärleri üçin Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)
maksatnamasynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynda tejribeleri
öwrenmek maksady bilen toplumlaýyn okuw çäreleri we duşuşyklary guraldy.

Çärä
Türkmenistandan Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw
mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň «Infokommunikasiýa» hünär-tehniki mekdebiniň wekilleri
gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar
berildi.

Okuw maksatnamasy Hytaýyň Guansi-Çžuan awtonom sebitiniň
Bilim departamentiniň ýolbaşçylarynyň, Aziýa ösüş bankynyň Adam we
durmuş taýdan ösüş bölüminiň direktory Sofia Şakiliň ýolbaşçylygyndaky
toparyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orta hünär bilimi ulgamynyň
işgärleriniň bilelikdäki iş maslahaty bilen açyldy.

Duşuşygyň
dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň orta hünär ulgamynda bilimiň hilini
we depginlerini ýokarlandyrmak, dolandyrmagyň düzgünleri, kadalaşdyryjy
hukuk namalar we pudaklaýyn edaralaryň hyzmatdaşlygy diýen temalar
boýunça çykyşlar diňlenildi. Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynda
orta hünär bilimiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine,
maddy-tehniki binýadyň döwrebaplaşdyrylmagyna, häzirki zaman
tehnologiýalar bilen yzygiderli enjamlaşdyrmaga, şeýle hem täze
innowasion okuw binalaryny gurmaga aýratyn üns berilýändigi bellenildi.
Bularyň böleginiň maliýeleşdirilmegi Aziýa ösüş banky tarapyndan amala
aşyrylýar.

Soňra ähli gatnaşyjylar üçin Guansi hünär-tehniki
kollejinde tanyşdyryş duşuşyklary geçirildi. Wekiliýet sergi zallaryna,
robot tehnikalarynyň, VR-iň we AR-iň ulanylmagy bilen önümçilik işlerini
öwretmek üçin döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan
ýöriteleşdirilen barlaghanalara baryp gördüler.

Guansi-Çžuan
awtonom sebitiniň Nannin şäherinde ýerleşýän Guansi
elektrotehniki-politehniki institutynda çärä gatnaşyjylar onuň
binýadynda hereket edýän orta hünär mekdepleriň ýedisiniň aýratynlyklary
hem-de bilelikdäki işleri bilen tanyşdyryldy.

Maksatnamanyň
jemleýji günlerinde çärä gatnaşyjylary okatmagyň ulag we
kommunikasiýalar ulgamlarynda döredilen mümkinçilikleri bilen
tanyşdyrmak maksady bilen Luçžou şäheriniň demirýol hünär-tehniki okuw
mekdebine hem-de politehniki uniwersitetiniň ýanyndaky orta hünär okuw
mekdeplerine baryp gördüler. Şeýle hem Guilin syýahatçylyk
uniwersitetine sapar guraldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27