ÝUNISEF we Türkmenistanyñ Bilim ministrligi pedagogika boýunça täze okuw materiallaryny taýýarladylar
BMG-niñ
Çagalar gaznasy (UNICEF) Türkmenistanyñ Bilim ministrligi bilen
hyzmatdaşlykda genderlige gönükdirilen mugallymçylyk boýunça täze okuw
materiallaryny taýýarlady.
Bu materiallar ene-atalar, mugallymlar
we okuwçylar üçin niýetlenen. Olar mekdeplerde, çagalar baglarynda we
maşgalalarda gender-duýgur çemeleşmesini goldamaga, şeýle hem inklýuziw
we adalatly okuw gurşawyny gurmakda bilim, saglygy goraýyş we durmuş
taýdan goramak ulgamlarda hünärmenleriñ taýýarlyk derejesini
ýokarlandyrmaga gönükdirilen.
Aşgabatda BMG-niñ binasynda
geçirilen tanyşdyrylyş çäresiniñ dowamynda gatnaşyjylar çagalar we
maşgalalar bilen işleýän hünärmenleriñ kuwwatyny ösdürmek boýunça ýol
kartasyny düzdiler. Bu tagallalar dürli pudaklarda, şol sanda bilimde,
saglygy goraýyşda, durmuş taýdan goramak ulgamynda gender-duýgur
çemeleşmelerini ulanmak ukyplaryny pugtalandyrar.
Çärä
Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ, Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiñ hem-de Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrliginiñ
wekilleri, Aşgabat şäheriniñ bilim bölümleriniñ, milli bilim
edaralarynyñ, şeýle hem inklýuziw bilim başlangyçlaryna gatnaşýan synag
mekdepleriniñ we çagalar baglarynyñ hünärmenleri gatnaşdylar.
Materiallar
hünärmenlere öz işinde gender meselelerini çözmek, inklýuziw gurşawy
döretmek üçin gurallary we strategiýalary hödürlär.