Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi


2024-nji
ýylda Türkmenistanyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi uniwersitetleriñ
ekologiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmek islegini, şeýle hem olaryñ
daşky gurşawy goramakda durnukly ösüşine ýardam edýän "UI GreenMetric"
halkara sanawyna girdi. "UI GreenMetric" uniwersitetleriñ durnukly ösüşe
goşýan goşandyna baha berýär.

Bu sanaw Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan 2010-njy ýylda döredildi.

Türkmenistanyñ
ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda Türkmenistanyñ Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýa uniwersiteti hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersiteti ýokary orunlara mynasyp boldylar. Olar dünýä
sanawyndaky ilkinji 500 ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda ýer eýeledi.
Bu ýokary okuw mekdepler infrastruktura we bilim başlangyçlary ugurlary
boýunça ýokary dereje görkezmegi başardylar.

Mundan başga-da, dunýäniñ ilkinji müñ ýokary okuw mekdepleriniñ sanawyna:

- Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasy;

- Türkmen oba hojalyk instituty;

- Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti;

-Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we informatika instituty;

- Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýa instituty;

-Türkmen döwlet binagärçilik-gurluşyk instituty;

-Türkmenistanyñ döwlet energetika instituty;

-Türkmen döwlet maliýe instituty;

-Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk insituty

hem girdiler.

Türkmenistanyñ
ýokary okuw mekdepleriniñ halkara sanawyna girizilmegi dolandyryş we
bilim ulgamynda ekologiýa durnukly çemeleşmeleri ornaşdyrmak işleriñ
işjeñ alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem ýurduñ halkara
abraýyny pugtalandyryp, onuñ Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga
çalyşýandygyny açyp görkezýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27