Senagat gurluşygynda metal we demir-beton konstruksiýalar
Bu
okuw kitabynda senagat gurluşyk işlerinde metal we demir-beton görnüşli
konstruksiýalaryň, desgalaryň gurluşygynyň hasaplama we nusgalyk taslama
meseleleriniň ýerine ýetirilşiniň, şeýle-hem olary tejribe taýdan
durmuşa geçirilşiniň inžener-tehnologik aýratynlyklary we prosesleriň
umumylaşdyrylan häsiýetnamalary barada derwaýys maglumatlar beýan
edilendir. Häzirki wagtda gurluşyk işlerinde metal we demir-beton
konstruksiýalary örän giňişleýin ugurlar boýunça ulanylyp, olaryň
tehniki taýdan ýokary hil häsiýetnamaly we uzak wagtly hyzmat edijilik
möhletiniň gazanylmagy inženerçilik üçin örän wajypdyr.
Bu okuw
kitaby esasan-hem tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna “Senagat
gurluşygynda metal we demir-beton konstruksiýalar” dersini öwretmek
üçin niýetlenilendir. Mundan başga-da senagat gurluşygy we geodeziýa
ugry boýunça okuw-ylmy we taslama işleri alyp barýan
inžener-gurluşykçylar, inžener-mehanikler, talyplar, aspirantlar we
önümçilik-hünärmenler hem bu kitapdan peýdalanyp bilerler.
Senagat
we raýat jaý gurluşyklary halk hojalygyny düýpli özgertmekde uly rola
eýedir. Jaý gurluşygynyň dürli usullaryny öwrenmek, olary durmuşa
ornaşdyrmak, has kämilgurluşyk guramalarynyň taslamasyny işläp düzmek şu
maksatnamanyň esasy wezipesidir.