Türkmenistanyň we Estoniýanyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy


13-nji
dekabrda, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginde Türkmenistanyň bilim
ministriniň orunbasary bilen Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky
täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jaap Oranyň
ýolbaşçylyk edýän resmi saparynyň çäklerinde duşuşyk  geçirildi. Jenap
Oran Astana şäherinde ýerleşýän ilçihana akkreditirlenendir.

Duşuşyga Estoniýa tarapyndan, Gazagystan Respublikasyndaky Estoniýanyň Ilçihanasynyň konsuly Maýa Tasa gatnaşdy.

Duşuşykda
iki ýurduň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri
ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekilleri Estoniýanyň wekiliýetine
Türkmenistanyň bilim ulgamynda gazanan soňky üstünlikleri, şol sanda
sanlylaşdyrma we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy
baradaky maglumatlary berdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň bilim
ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy hem-de Bilimiň hilini bahalandyrmak boýunça
halkara maksatnamasyna (PISA)  goşulmak mümkinçilikleri barada aýratyn
gürrüň edildi. Eston tarapy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we PISA
maksatnamasyna gatnaşmak boýunça öz tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny
nygtady.

Estoniýanyň wekiliýeti tarapyndan türkmen wekiliýetiniň
umumy orta we hünär bilim maksatnamalary boýunça tejribe öwrenmek
maksady bilen Estoniýa sapar etmegi teklip edildi. Bu sapar ýurtlaryň
arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine we iň gowy bilim
tejribelerini alyşmak üçin platforma döretmäge mümkinçilik berjedigi
bellenildi. Şeýlede Ilçi bilim ministrliginiň sanly ulgamlaryna ýokary
baha berdi we bu babatda eston kärdeşleri bilen paýlaşmak üçin
seminarlary guramak teklip edti.

Taraplar bilim ulgamynda
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak islegini beýan etdiler. Bu, Türkmenistanyň
bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we bilim bermegiň halkara hil
standartlaryny ornaşdyrmak ugrunda möhüm ädim bolar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27