Türkmenistanyň talyplarynyň gazananlary — “Ýaşlar baýragynyň ýeňijisi”


Dilnoza
Mamutniýazowa Rozumbaýewna, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky
Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň 4-nji kurs talyby, Türkmenistanyň
«ÝAŞ ALYMY» diýen adynyň eýesi boldy. Onuň zehininiň ilkinji
ykrarlaryndan biri 2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda mynasyp bolan
«Informatika we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary ugry
boýunça ýaş alym» atly baýragy boldy. Bu baýrak, onuň ylym we
tehnologiýalar uguryndaky ýokary derejede hünäriniň bardygyny görkezýär.

Ýaňy
ýakynda, Dilnoza öz üstünlikleriniň sanawyna ýene-de üç möhüm baýragy
goşmaklygy başardy. Ol Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy, bu
baýrak bolsa, Türkmenistanyň geljegini gurmaga öz zähmetini goşýan ökde
ýaş alymlara berilýär.

şeýle hem, Dilnoza «Sanly çözgüt 2024»
innowasion taslamalar bäsleşiginde ýeňiş gazandy. Bu bäsleşikde, ol
informatika we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze we aýratyn
çözgütlerini görkezdi. Üçünji baýrak, «Ýylyň iň gowy ylmy makalasy»
diýen baýrak boldy, bu makala  bolsa öz gezeginde, geljekde täze
tehnologiýalary işläp taýýarlamak üçin esas bolup biler

Dilnoza
Mamutniýazowa, «Ýaş alymlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylyk
ösüşini we jemgyýetçilik goşandyny güýçlendirmekde okuwçylaryň
konsullarynyň birnäçe taraply roluny öwrenmek: bilim üpjünçiligi we
ýaşlary özbaşdaklykda güýçlendirmek ugry boýunça giňişleýin seljeriş»
atly ylmy makalasy üçin «NIÇ Ylmy Habarçy» Ylmy-neşirýat merkeziniň
birinji we ikinji derejesi boýunça diplomlaryna mynasyp boldy. Bu iş
«Innowasiýa ýollary» žurnaly tarapyndan ylym bäsleşiginde hödürlenip,
mazmuny we innowasiýa teklipleriniň täzeçiligi boýunça eminler
tarapyndan öňe saýlandy.

Dilnoza diňe bir ylym pudagynda däl,
eýsem jemgyýetçilikde-de lider hökmünde özüni görkezip, Türkmenistanyň
Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň Talyplar Geňeşiniň
ýolbaşçysy hökmünde, talyplary we ýaş hünärmenleri ösüşe, öz
mümkinçiliklerini açmaga we ýokary derejeleri gazanmaga itergi berýär.

Onuň
gazananlary diňe bir şahsy üstünlik bolman, eýsem Türkmenistanyň
geljekki alym we lider  nesilleri üçin mümkinçilikleriň nyşany boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27