“Filologiýanyň meseleleri” atly elektron žurnalynyň ikinji sany barada
Döwletmämmet
Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşleriň belentliklerine
tarap barýan ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we
medeni-ynsanperwer ugurlardaky özgertmeleri, halkymyzyň gadymdan gelýän
baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen
ylmynda gazanylanlary wagyz etmek, dünýä ýaýmak hem-de Alym
Arkadagymyzyň: “Biziň eşretli hem-de bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşy ylmyň
we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýen
sözlerinden ruhlanyp, ýaşlary ylma ugrukdyrmak, talyplaryň,
aspirantlaryň, dalaşgärleriň, ýaş alymlaryň döredijilikli gözleglerine
hemaýat etmek, olary ylmy-barlag işlerine höweslendirmek, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim we ylym ulgamynyň
ösdürilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen döredilen
“Filologiýanyň meseleleri” atly elektron ylmy žurnalyň ikinji sany hem
öz okyjylaryna gowuşdy.
Žurnalyň bu sanynda jemgyýeti öwreniş
ylymlarynyň, dil biliminiň, edebiýaty öwreniş ylymynyň,
lingwodidaktikanyň, pedagogikanyň wajyp meselelerine bagyşanan
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär
sekretary Çynar Rüstemowanyň “Türkmenistan - ÝUNESKO: köpugurly
hyzmatdaşlyk işjeňleşýär”, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim,
medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar
Seýidowanyň “Ýaşlar baradaky alada röwşen geljegiň kepilidir”, Türkiýe
Respublikasynyň Jelal Baýar adyndaky Manisa uniwersitetiniň Ynsan
gatnaşyklaryny we jemgyýeti öwreniş ylymlary fakultetiniň dekany,
filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Aýşe Ilkeriň “Türkiýede
türkmen diliniň öwrenilişi”, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň professory
Johanna Mierendorfyň “Çagalyk, çagalygy öwrenmek boýunça barlaglaryň
usullary: gysgaça giriş” atly makalasy, şeýle-de ýurdumyzyň ylym-bilim
edaralarynyň ylmy işgärleriniň, professor-mugallymlarynyň, ýaş
alymlarynyň ylmy-usuly makalalary, talyplaryň Gündogaryň beýik akyldary
we nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlap düzen şygyrlary
ýerleşdirildi.
Ýurdumyzyň bilim we ylym edaralarynyň
işgärlerini, mugallymlaryny, ýaş alymlaryny we talyplaryny elektron
žurnalyň işine işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.