«HALK SAZ GURALLARY ANSAMBLLARY ÜÇIN ESERLER» ATLY OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI
Ýurdumyzda
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda beýleki ulgamlar bilen
bir hatarda bilim ulgamyny hem özgertmekde, ösdürmekde,
kämilleşdirmekde, ýaşlara berilýän bilim dünýä derejesine laýyk
bolmagyny gazanmakda bimöçber işler durmuşa geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda
ýokary, ýörite sazçylyk we sungat mekdepleri üçin Maýa Kulyýewa
adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary
kafedrasynyň uly mugallymy Muhammetmyrat Gapurowyň «Halk saz gurallary
ansambllary üçin eserler» atly okuw gollanmasy (A.: Türkmen döwlet
neşirýat gullugy) neşir edildi. Okuw gollanmasy ansaml dersi boýunça
talyplary ýokary derejede taýýarlamakda, ansambl bolup eseri ýerine
ýetirmekde talybyň çeperçilik duýgusyny terbiýelemekde aýratyn möhüm
ähmiýete eýedir. Şonuň üçin okuw gollanmasy arkaly ýokary, ýörite
sazçylyk we sungat mekdeplerinde talyplara ansablyň partituralaryny
okamak usulyny tejribe taýdan ösdürmekde ýakyndan ýardam bermek maksat
edinilipdir.
Bu okuw gollanmada milli aýdym-saz sungatymyza uly
goşant goşan türkmen nusgawy kompozitory Nury Halmämmedowyň –
«Prelýudiýa», Amandurdy Agajykowyň – «Kwartet» I, II, III, IV bölümleri,
Gurban Kulyýewiň – «Konsertino», Baýram Hudaýnazarowyň – «Derýa», Çary
Nurymowyň – «Hemrahym» we ş.m. ýaly halk saz gurallary üçin niýetlenen
birnäçe eserleri ýerleşdirilendir.
Bulardan başga-da ýewropa saz
medeniýetiniň görnükli wekilleri bolan, A.Mosartyň – «Rondo», Ž.Bizeniň –
«Giriş sazy», I.Bramsyň – «Wenger tansy №5» ýaly eserleri
ýerleşdirilipdir.
Okuw gollanmasynda talyplary ýokary derejede
taýýarlamagyň, ansambl bolup eseri ýerine ýetirmegiň, dünýä saz sungaty
bilen birlikde özboluşly türkmen saz sungatyny ösdürmegiň we ansamblyň
eserleri bilen tanyşdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygy
barada aýratyn bellenilýär.
Bu okuw gollanmasyndaky eserler aşakdaky ýaly 5 bölekde özboluşly yzygiderlilikde ýerleşdirilipdir:
Kwartet (prima plektrli dutar, plektrli dutar-1, plektrli dutar-2 hem-de bas dutar) saz gurallary üçin.
Kwartet (kanun, plektrli dutar-1, plektrli dutar-2 hem-de bas dutar) saz gurallary üçin.
Kwintet (kanun, plektrli dutar, baglama, dutar hem-de ud) saz gurallary üçin.
Kwintet (kanun, çeň, baglama, ud hem-de bas dutar) saz gurallary üçin.
Kwintet (prima dutar, plektrli dutar-1, plektrli dutar-2, ud hem-de bas dutar) saz gurallary üçin niýetlenendir.