Maýyşgaklyk nazaryýeti
Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde geljegimiz bolan ýaşlaryň
dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän derejede bilim almagy üçin
ähli işler edilýär.
Bu okuw kitabynda senagat gurluşyk işlerinde we
gurluşyk tehnologik proseslerinde ýerine ýetirilýän tehniki amallary
üçin zerur bolan materiallaryň, serişdeleriň we inženerçilik desgaly
düzüjileriniň maýyşgaklyk kriteriýasy boýunça käbir matematiki
modelirlemeleriniň we hasaplamalarynyň ýerine ýetiriliş yzygiderliligi
barada derwaýys maglumatlar beýan edilendir.
Bu okuw kitaby
esasan-hem tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna “Maýyşgaklyk
nazaryýeti” dersini öwretmek üçin niýetlenilendir. Mundan başga-da
senagat gurluşygy we geodeziýa ugry boýunça okuw-ylmy we taslama işleri
alyp barýan inžener-gurluşykçylar, inžener-mehanikler, talyplar,
aspirantlar we önümçilik-hünärmenler hem bu kitapdan peýdalanyp
bilerler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti