ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «PARS DILINIŇ AMALY KURSY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI


Ylmyň,
bilimiň ösen döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Bu talaplardan ugur alyp, häzirki zaman
talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri, şol sanda daşary ýurt dilleri
boýunça ökde mugallymlary ýetişdirmek üçin dürli okuw-usulyýet işleri
amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda maksatnamalar, gollanmalar, okuw
kitaplary esasy orny eýeleýär.
Häzirki döwürde ýaş nesliň  ösen
dünýä biliminiň, ylmynyň gazananlary bilen kynçylyksyz tanşyp we
tejribede ulanyp, daşary ýurt dillerini erkin bilmegi hormatly
Prezidentimiziň olardan edýän esasy talaplarynyň biridir. Munuň özi
ýurdumyzda alnyp barylýan dil syýasatynyň hem öňde goýýan esasy
maksadydyr.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen
«Pars diliniň amaly kursy» okuw kitaby (awtorlary: B.Atanyýazowa,
B.Akmämmedowa, R.Hojanyýazow) ýokary okuw  mekdepleriniň talyplary üçin
niýetlenip, onuň öňde goýan maksady sözleýşi tekstler arkaly
öwretmekden, diňe zerur halatynda, nazary maglumatlary gysga we anyk
bermekden hem-de düşündirmekden ybaratdyr.
Kitapdaky ähli materiallar
derslere bölünip, tematik ýörelge esasynda berilýär, talyplar üçin
gyzykly bolan belli bir tema degişli tekst saýlanyp alynýar. Ol tekstler
umumy bilim berijilik, öwredijilik maksatly bolmagy bilen
tapawutlanýar. Şeýlelikde, getirilýän tekstler pars dilini öwrenýän
talyplaryň söz baýlygyny artdyrmagy, sözleýiş medenýetini we ýazuw
endiklerini ösdürmegi, şonuň bilen bilelikde-de, grammatik düşünjelerini
artdyrmagy kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Tekstler okuw
sapaklarynda-da, ondan daşary özbaşdak sapaklarda-da öwrenilip bilner.
Gönükmeleriň üsti bilen türkmen topragyna, medeniýetine, sungatyna we
ş.m. degişli tekstleri pars diline terjime edip öwrenmek maksat
edinilipdir.  Pars dilini şu usulda öwretmägä çemeleşilmegi berlen
sapaklaryň talyplar tarapyndan çalt özleşdirilmegine oňaýly täsir
etjekdigi şübhesizdir.
Okuw kitabynyň soňunda parsça-türkmençe sözlügiň berilmegi okuw kitabynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.
Ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdeplerinde pars dilini hünär dili hökmünde okaýan
talyplar üçin niýetlenen «Pars diliniň amaly kursy» okuw kitaby
talyplaryň  pars dilinde sözleýiş endigini, terjimeçilik işini,
grammatiki, orfografiki kadalary ulanyp bilmek ýaly endiklerini
kämilleşdirmekde, dil başarnyklaryny artdyrmaga hem-de öwrenilýän diliň
ýurdunyň we eziz Watanymyzyň medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň
aýratynlyklaryny öwrenmekde ähmiýetiniň uly boljakdygy öz-özünden
düşnüklidir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27