BILIM IŞGÄRLERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI


Bu
dabara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmelerini
durmuşa geçirmekde, ylymly, bilimli, watansöýüji nesilleri kemala
getirmekde çeken döredijilikli zähmetleri, bilim işini pedagogiki ylmyň
we terbiýäniň häzirki zaman maglumatlary hem-de nazaryýeti esasynda
ýokary derejede guramakda, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda
bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli,
ýurdumyzyň bilim işgärlerini sylaglamaga bagyşlandy. Şonuň ýaly-da,
“Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy”    we
“Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep” ady bilen döwlet
derejesinde geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Gahryman
Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak
syýasaty üstünlikli dowam etdirilip, bu ugurda giň gerimli işler durmuşa
geçirilýär. Şeýle hem, ýurdumyzyň pedagogik işgärleri ýaş nesle
döwrebap bilim-terbiýe bermekde göreldeli zähmet çekýärler, il bähbitli,
ýurt ähmiýetli şeýle döwletli işlere bilim edaralarynyň ýolbaşçylary,
mugallymlary, terbiýeçileri, usulyýetçileri işeňňir gatnaşýarlar.
Bäsleşigiň
maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek
syýasatyny durmuşa geçirmek, bu babatda döwrümiziň ösen talaplaryna
mynasyp jogap bermek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan
işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, olarda watansöýüjiligi,
tebigata mähirli garamagy terbiýelemek, daşky gurşawy goramak boýunça
alnyp barylýan işlere höwesli gatnaşmagy öwretmek, ekologiýa
medeniýetini ösdürmek bolup durýar. Şeýle hem, bu bäsleşik ýurdumyzyň
ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky döwlet syýasatyny
durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan tutumly
işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, körpe nesillerde daşymyzy
gurşap alan gözelliklere söýgini terbiýelemek, ýaş nesliň ekologiýa
medeniýetini ösdürmek, bu ugurdaky işleriň nusgalyk derejede ýola goýlan
bilim edaralaryny ýüze çykarmak we olaryň iş tejribelerini ýaýratmak
maksady bilen  geçirildi.
Türkmenistanda bilim edaralarynyň
daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmek, arassa ekologiýa gurşawyny emele
getirmek, tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, her bir bilim
işgäridir okuwçynyň  ekologiýa taýdan arassa we sagdyn daşky gurşawda
okamagy, işlemegi üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. «Türkmenistanyň
2021─2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda» hem-de «Howanyň
üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda (rejelenen
görnüşi) kesgitlenen anyk maksatlara we aýdyň wezipelere laýyklykda,
ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda giňden ýaýbaňlandyrylan
maksatnamalaýyn çäreleriň netijesinde, ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki
bilim edaralarynyň daş-töweregi gür baglyga bürenýär. Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly,  bag-agaç nahallaryny oturtmaklygam
ekologiýa terbiýesine degişlidir. «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen setirler hem muny tassyklaýar”.
“Daragtlaryň biziň süňňümize we sagdynlygymyza ýetirýän täsiri örän uly.
Ol hem maddy, hem ruhy taýdan ähmiýetlidir. Käbir daragtlar bize juda
täsirli we jadyly güýji bagyş edýär diýsek, öte geçmeris. Bir daragta
gözümiz düşse, ýüregimize ýakyn we ýakymly kimdir birine duşan ýaly
begenýäris. Olaryň ruhy dünýämize salýan giňligi, çaýýan öwüşgini hem
tükeniksiz. Ýylyň ähli möwsüminde hem onuň peýdasyny aýdyň duýýarys.
Bahar möwsüminde ýaşyl dona bürenen daragtlar durmuşa bolan söýgini
artdyrýar. Howurly tomusda gür baglaryň ýaşyl ýapraklarynyň, astyndaky
dynjyň özi uly zada degýär. Güýzde sary begresi, gyşda ak dony egnine
atan daragtlary göreniňde tebigatyň çyn gözelligini süňňüň, ruhuň bilen
duýýarsyň” diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp sözleri bilim
edaralarynyň daş-töweregini gür baglyga beslemek meselesinde hem nusga
alarlykdyr.
Mekdeplerdir çagalar baglarynyň ýerlerinde agaç
nahallaryny ekip, gülzarlygy döretmek, bir tarapdan, okuwçylaryň
ekologik terbiýesine oňyn täsir etse, ikinji bir tarapdan, tebigatyň
gözelligine gözellik goşýar. Häzirki wagtda ekologiýa abadançylygyny
goramak, çagalar baglarydyr mekdepleriň daş-töweregini gür baglyga
öwürmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda köp
görnüşli işler amala aşyrylýar. Şolaryň biri-de, mekdebe çenli we
umumbilim edaralarynyň çäklerinde “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga
beslenen iň gowy çagalar bagy”    we  “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga
beslenen iň gowy mekdep” atly bäsleşikleriň geçirilmegidir. 9-njy
dekabrda Türkmenistanyň  Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda şol
bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar, şonuň ýaly-da, köp ýyllaryň dowamynda
bilim ulgamynda çeken döredijilikli zähmetleri, bilim işini häzirki
zamanyň ösen talaplary esasynda ýokary derejede guramakda, bilimiň
mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn
hyzmatlary üçin işine ussat halypalar, göreldeli işleýän mugallymlar
sylaglanyldy.  
“Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy
mekdep” atly bäsleşigiň Baş baýragyna Balkan welaýatynyň Magtymguly
etrabynyň 11-nji orta mekdebi mynasyp boldy. 1-nji orna Lebap
welaýatynyň Çärjew etrabynyň 2-nji orta mekdebi, 2-nji orna Arkadag
şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebi, 3-nji orna
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän
ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebi mynasyp boldular.
“Bagy-bossanlyga
we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy” atly bäsleşigiň Baş
baýragyna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp
öwredýän 21-nji çagalar bakja-bagy mynasyp boldy. 1-nji orna Lebap
welaýatynyň Çärjew etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagy, 2-nji orna
Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagy, 3-nji orna Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 11-nji çagalar bakja-bagy mynasyp
boldular.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we
daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri-de ýaş nesle döwrebap
bilim-terbiýe bermekdir. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň beden hem
ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli, zähmetsöýer, eziz Watanymyza wepaly
ýaşlar bolup ýetişmegi babatda taýsyz tagallalary edýär. Munuň
şeýledigine “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar
bagy” we  “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep” atly
bäsleşikleriň jemleri hem-de  mähriban Watanymyzyň hemişelik
Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli, döwrebap zähmet çekýän işine
ussat mugallymlaryň,  halypa bilim işgärleriniň zähmet üstünlikleri
arkaly has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu günki bilim işgärlerini
sylaglamak dabarasynda  ýeňiji bolanlara we işiniň ussady hökmünde öňe
saýlananlara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty hem-de
ylym-bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň we Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýadygärlik sowgatlary
gowşuryldy. Bu bolsa tamamlanyp barýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy ýylynda” bilim işgärleriniň zähmetine hormat goýmak  babatda
döwlet tarapyndan näderejede uly aladalaryň edilýändigini ýene-de bir
gezek görkezdi. Bäsleşigiň ýeňijileri bolan çagalar baglarynyň we
umumybilim berýän mekdepleriň müdirleri hem-de bilimi hil we mazmun
taýdan ýokary derejelere çykarmakda göreldeli zähmet çekip,
sylag-hormata mynasyp bolan mugallymlar işlemäge, ýaşamaga döredilýän
ajaýyp şertleridir mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri 2035-nji (Kemine) köçe, 84.
Ashgabat city, 2035 (Kemine) street, 84.
г.Ашхабад, улица 2035 (Кемине), 84.

Telefon belgiler:
+99312 94-31-47/27